Andijon gyrgynçylygyna 10 ýyl boldy

Ýörite gulluklaryň esgerleri Andijonda garawulçylyk edýär, 17-nji maý, 2005.

Özbegistanda 2005-nji ýylyň 13-nji maýynda bolan Andijon gandöküşliginden bäri 10 ýyl geçdi. Şonda, Andijonyň Babur meýdançasyna proteste çykan adamlaryň, resmi habara görä, 187-si heläk boldy.

Azat Ýewropa we Azatlyk radiosy bu waka hem Özbegistanda şondan öňki we soňky ýagdaýlar barada adam hukuklaryny goraýan «Human Rights Watch» guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça ylmy barlagçysy Stiw Swerdlow bilen söhbetdeş boldy.

AÝ/AR: 2005-nji ýylyň maýynda Andijonda bolan zatlardan öň Özbegistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy nähilidi?

Stiw Swerdlow: Özbegistanyň adam hukuklary ýagdaýy elhençdi diýip aýtsak bolar. Hatda Andijon wakasyndan öňem hökümet oppozisiýany yzygiderli ýok edýärdi, adam hukuklaryny goraýjylary yzarlaýardy, 1998-nji ýyl töwereklerinden bäri bolsa, din boýunça dünýäde iň bir repressiw kanunlary kabul edýärdi.

Özbek hökümeti garaşsyz musulmanlar hasaplanýanlaryň müňlerçesini eden-etdilikli ýagdaýda tutup saklady, gynady we uzak möhletli türme tussaglygyna höküm etdi.

Garaşsyz musulmanlar bolanda öz dini ynanjyna özbek häkimiýetleriniň döreden berk döwlet gözegçiliginden daşarda uýýan adamlar bolýar. Ýagny bu olaryň öz öýlerinde namaz okamagyny, rugsat berilmedik dini edebiýaty saklamagyny, ýalňyş görnüşde ýa ýerde sakgal goýbermegini, hyjap geýmegini hem aňladyp biler.

Ýöne Andijon wakalaryndan öň, adam hukuklary ýagdaýy şeýle ýaramaz hem bolsa, Özbegistanda Daşkendiň adam hukuklary meselesine başgarak ýagdaýda çemeleşmek ähtimallyklary hem bar ýaly görünýärdi.

Mysal üçin, 2002-nji ýylda olar BMG-niň adam hukuklary ekspertiniň birinji hem soňky gezek ýurda sapar etmegine rugsat berdiler. Ol ekspert Özbegistana gelip, adam gynalmagy we jenaýat agtaryş kanunçylygy sistemasy boýunça töwerekleýin barlag geçirmäge mümkinçilik aldy.

2002-nji ýylda bu ýurtda ýeke-täk garaşsyz jemgyýetçilik guramasy – adam hukuklaryny goraýan «Ezgulik» topary hem hasaba alyndy. Ýagny ol ýerde, juda solgun hukuk ýagdaýyna garamazdan, käbir ýagty nokatlar hem bardy. Emma ol nokatlar 2005-nji ýylyň 13-nji maýyndan soň doly garaňkylyga gaplandy.

AÝ/AR: Siziň bilşiňizden, özbek hökümetiniň Andijonda bolan işde öz günsini nähilidir bir ýagdaýda boýun alan ýeri boldumy ýa-da ol özüniň bu krizise çemeleşişi babatdaky tankyda nähili jogap berdi?

Stiw Swerdlow: Özbek hökümeti şol günki pidalaryň 187-siniň ölümini resmi taýdan tassyklaýar. Hökümetiň resmi jogaplarynda, jemgyýetçilik üçin beýanatlarynda ol pidalaryň ählisiniň, hamala, ýaragly adamlaryň gurnan zorlukly wakalary netijesinde ölendigi aýdylýar. Elbetde, hökümetiň aýtmagyna görä, ol ýaragly adamlar yslam halyfatyny gurmak synanyşygyny edipdiler.

Pidalar jaýlanýar. Andijon, 14-nji maý, 2005.

Biziň geçiren barlaglarymyzda, ýerli hukuk goraýjylaryň we beýlekileriň Andijon wakalary boýunça geçiren barlaglarynda şol gün merkezi meýdançada, Andijonyň Babur meýdanynda toplanan protestçileriň yslam hylyfatyny gurmak maksadyny tutandygyny görkezýän hiç bir delil tapylmady.

Hakykatda biziň barlaglarymyz ol ýerde, elbetde, mähelläniň içine aralaşan ýaragly elementleriň bolandygyny görkezdi, ýöne şol jenaýat edilen maý günündäki köpçülikleýin protestlere alyp gelen wakalaryň hem bolandygyny, ýagny Andijonyň müňlerçe ýaşaýjysynyň ýurtda giň ýaýran korrupsiýa, garypçylyk, hukuk bozulmalary barada pikirlerini aýtmak, seslerini eşitdirmek isländiklerini görkezdi.

Olar şol gün özbek häkimiýetleriniň, belki-de Yslam Kerimowyň hut özüniň arzalaryny diňlemegine garaşypdyrlar. Emma özbek hökümeti bu meseleleriň hiç biriniň, şol sanda soňra bolan zorluk faktynyň içine asla aralaşmak islemeýär we ol wakalaryň halkara derňewine şol günden şu güne çenli rugsat bermän gelýär.

AÝ/AR: Özbegistanyň içinde bu tema nähili çemeleşilýär? Resmiler ýa döwlet mediasy bu tema ýüzlenýärmi?

Stiw Swerdlow: Meniň ýaly synçylaryň Andijon wakasyna ýüzlenmegi ýa-da ony ýatlatmagy Özbegistanyň içinde garaşylmaýan bir zat boldy. Biz döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän ýa kontrollyk edilýän mediada özbek jemgyýetindäki ynjyk temalaryň aglabasyna doly senzura girizilendigini görýäris.

Emma geň ýeri, özem men bu tötänlik diýip pikir etmeýärin, golaýda özbekçe «Sotkin», ýagny «Dönük» atly bir film çykaryldy. Daşkent tarapyndan ýeterlik derejede gowy maliýeleşdirilen we Özbegistanyň kino sungatynyň iň parlak ýyldyzlaryndan dykalanyp doldurylan filmde Andijon wakasyny yzarlamaga synanyşyk edilýär.

Bu film soňky birnäçe aýyň dowamynda çykaryldy we onda, ozalam aýdyşym ýaly, Andijon wakalary yzarlanýar, şäherde bolan bidüzgünçilikler, yslamçy ekstremistler tarapyndan amala aşyryldy diýilýän zorluklar barada adamlara ýatlatmak nukdaý nazaryndan gürrüň edilýär, şol bir wagtda ol zorluklara daşary ýurt hökümetleriniň kontrollyk edendigi, maliýeleşdirendigi we goldandygy ýaňzydylýar. Bu ýerde daşarky hökümetler diýlip Günbatar hökümetleri nazara alynýar.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.