Filologiýa ylymlarynyň doktory, professor, görnükli edebiýat tankytçysy Jora Allakow 11-nji maýda, 86 ýaşynyň işinde Aşgabatda aradan çykdy.
Jora Allakow 1930-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda Kerki raýonynyň Astanababa obasynda dünýä inýär. Geljekki edebiýat tankytçysy obadaky ýediýyllyk mekdebi tamamlap, daýhan birleşiginde hasapçy bolup işleýär.
Soň ol Kerkidäki tehnikumyň hasap bölümini tamamlaýar. Emma ýüreginiň çuňunda ýatan edebiýat höwesi ony 1951-nji ýylda Çärjewdäki Türkmen döwlet pedagogiki institutynyň türkmen filologiýasy fakultetine getirýär.
Jora Allakowyň şondan soňky ykbaly edebiýat ylmy, hususan-da edebi tankyt bilen bagly bolýar.
Görnükli edebiýatçynyň okuwçylarynyň biri Amanmyrat Bugaýewiň Azatlyk radiosyna gürrüň bermegine görä, ol ýokary bilim alanyndan soň, tä ömrüniň ahyrky günlerine çenli Türkmen döwlet uniwersitetinde sapak berýär.
50 ýyldan gowrak türkmen dilçilerine we edebiýatçylaryna sapak beren, ýüzlerçe makalanyň, onlarça kitabyň awtory bolan Jora Allakowyň ölümi barada türkmen metbugatynda hiç hili habar berilmedi.
Azatlyk radiosy görnükli edebiýat tankytçysynyň ömri we döredijiligi barada aşgabatly şahyr Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar