Adam hukuklaryna gözegçilik edýän guramalar Awstriýanyň prezidentiniň adyna açyk hat ugradyp, onda Heinz Fişere (Heinz Fischere) türkmen prezidenti bilen 12-nji maýda geçirjek gepleşikleriniň dowamynda Türkmenistandaky adam hukuklarynyň ýagdaýyny hem gozgamaga çagyryş edilýär.
Adam hukuklary boýunça düýbi Wenada ýerleşýän “Türkmen inisiatiwasy” we düýbi Brýusseldaky “Halkara hyzmatdaşlygy” guramalarynyň ugradan bu hatynda Türkmenistanyň dünýäniň iň repressiw ýurtlarynyň arasynda agzalýandygy bellenilip, onda prezident Berdimuhamedowyň ýurtdaky adam hukuklary meselelerine garamagy üçin gerekli borçnamalary öz üstüne almagyny gazanmak üçin çagyryş edilýär.
Şeýle-de bu açyk hatda Türkmenistandaky korrupsiýanyň derejesi, resmileriň eden-etdiligi ýaly meseleler hem agzalyp geçilýär.
Adam hukuklaryna gözegçilik edýän toparlar Awstriýanyň daşary syýasatynda adam hukuklary meselesine artykmaçlyk berilýändigine ünsi çekip, prezident Heinz Fişere ýokarky meseleleri prezident G.Berdimuhamedow bilen gozgamaga çagyryş edilýär.