“Arap bookerini” “Italiýaly” aldy

Şukri al-Mabkhout

Tunisli uniwersitet adminstratory Şukri al-Mabkhout geçen ýyl çykan ilkinji romany - “Italiýaly” üçin Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu Dabide guralan dabarada Arap çeper eserleriniň halkara baýragyna mynasyp boldy.

“Italiýaly” “Arap bookeri” diýip bilinýän baýraga – elli müň amerikan dollaryna (£33,000) mynasyp bolan sekizinji eserdir.

Onuň neşirçileri bir hepde öň bu eseriň Emirligiň kitap dükanlarynda gadagan edilenini eşidipdiler.

Bu baýrak Abu Dabiniň Syýahat we medeniýet edarasy tarapyndan malileşdirilýän hem bolsa, oňa mynasyp bolanlar garaşsyz sudýalaryň paneli tarapyndan kesgitlenýär we bu gezek ol panela palestin şahyry Murid Barguti ýolbaşçylyk etdi.

Al-Mabkhoutyň taryhy eseri, metbugatdan belli bolşuna görä, bu baýrak berilmezinden öňem uly gyzyklanma döredipdi.

Romanyň baş gahrymany daş keşbi sebäpli «Italiýaly» lakamyny alan adam bolup, eseriň wakalary Tunisiň garma-gürme döwürlerine – Habib Bourguýbanyň 30 ýyllyk (1957-1987) dolandyryşy bilen Zine El Abidine Ben Alynyň 24 ýyllyk (1987-2011) hökmürowanlygynyň arasyna gabat gelýär.

Şeýle-de eserde baş gahrymanlaryň syýasy, romantiki başdangeçirmeleri esaynda iki diktatura astyndaky Tunise tankydy nazar salynýandygy aýdylýar.

53 ýaşyndaky al-Mabkhoutyň romany geçen ýyl çapdan çykanda, Tunisiň edebi jemgyýetçiligi garaşylmadyk esere haýran galdy.

Al-Mabkhout häzir ýurduň Manouba uniwersitetiniň ýolbaşçysy we öz terjimeleri, edebi tankydy, hepdelik gazet makalalary bilen giňden tanalan şahsyýet. Emma onuň edebiýat meýdanyna kyssaçy görnüşinde gelmegine garaşylmandygy aýdylýar. Ýazyjynyň bu eseri geçen aý Tünisiň hem iň ýokary edebi baýragyna mynasyp boldy.

Al-Mabkhout Arap çeper eserleriniň halkara baýragyny gurnaýjylar bilen alşan hatynda özüniň 2010-2011-nji ýyllarda Tunisde turan we Ben Alyny häkimiýetden agdaran gozgalaňyň netilelerinden ruhlanandygyny aýdypdyr.