Migrant zenan polisiýany suda çekmekçi

Aibarçyn Şamşiýewa, Moskwa

Gyrgyzystanly zähmet migranty Orsýetde bolýan öýünde barlag geçiren orsýet polisiýasyna garşy kanuny taýdan iş gozgamaga taýýarlyk görýär. Bu Orsýetde işleýän migrantlaryň öz hukuklaryny goramagy bilen bagly adaty bolmadyk bir ýagdaýdyr.

Aibarçyn Şamşiýewa Orsýete iş gözläp gelipdi, emma ol häzir adalaty gözleýär.

32 ýaşly gyrgyzystanly migrant işçi zenan Şamşiýewa özüniň Moskwanyň polisiýasyna garşy sud işini gozgamagy planlaşdyrýandygyny aýtdy. Ol polisiýany özüni kemsitmekde we gorkuzmakda aýyplaýar.

Şamşiýewa 23-nji aprelde öz adamsy we ýene birnäçe gyrgyzystanly bilen bilelikde kireýine alyp ýaşaýan bir otagly öýüne garaşylmadyk ýagdaýda polisiýa ofiserleriniň dökülendigini aýdýar.

Zenanyň sözlerine görä, ofiserler olaryň öz dokumentlerini görkezmegine hiç hili mümkinçilik bermän, ählisini polisiýa bölümine äkidipdir.

“Mende we meniň adamymda ýaňy alnan iş rugsatnamasy bar, emma polisiýa işgärleri bize ýanymyz bilen zerur kagyzlary alyp gitmäge-de ýol bermediler we polisiýa bölümine gyssagly alyp gitdiler” diýip, Şamşiýewa aýdýar.

“Biz polisiýa bölümine baranymyzda, olar biziň resmi rugsatnamamyzyň bardygyny diňlemek hem islemediler”.

Şamşiýewa ofiserleriň özlerine psihologiýa taýdan basyş edip, hatda fiziki taýdan kemsitmek barada haýbat atandyklaryny we Orsýetde işlemek üçin rugsat hatynyň ýokdugyny ýazmaça görnüşde boýun almagyny talap edendiklerini aýtdy.

Şamşiýewa özüniň şeýle arza ýazmakda boýun gaçyrandygyny we öz adamsy hem beýleki migrantlar bilen bilelikde gijesini tussaghanada geçirendigini aýtdy.

“Olar her birimize oturgyç berdiler we biz gijäni oturyp geçirdik. Biz aç oturdyk” diýip, zenan özleriniň diňe şol günüň ertesi boşadylandygyny aýdýar.

“Beýlekiler polisiýanyň islän kagyzyna gol çekdiler, emma men boýun gaçyrdym we özümiň bigünädigimi aýtdym” diýip, Şamşiýewa aýdýar.

Ol özüniň bigünädigini subut etmek we özüni kemsidendigini aýdýan polisiýa işgärlerini jogapkärçilige çekmek üçin öňe tarap aýgytly ädim ätmäge taýýardygyny aýtdy.

Şamşiýewa polisiýanyň öz işini Moskwanyň etrap suduna ýollandygyny, sudýanyň bolsa onuň tussaglykda saklanmagynyň bikanundygy barada karar çykarandygyny habar berdi.

Şamşiýewa özüne basyş görkezen polisiýa işgärlerine garşy sud işini gozgamagy planlaşdyryp, daşary ýurtly migrantlara ýardam berýän Moskwadaky Raýat ýardamy komitetine (“Graždanskoýe sodeýstwiýe”) ýüz tutdy.

Bu guramanyň agzasy Marina Leksina “Biz häzir polisiýanyň Şamşiýewa görkezen psihologiki taýdan basyşy barada şikaýaty taýýarlaýarys we degerli guramalara ýüz tutarys” diýdi. Leksinanyň sözlerine görä, Şamşiýewa köplenç öz hukuklaryny bilmeýän migrant işçiler üçin gowy nusga bolup biler.