Lebap welaýatynda gurluşyk işleri bilen meşgullanýan iki hususy firmanyň işgärlerine eýýäm birnäçe aýdan bäri aýlyk haklarynyň berilmeýändigi habar berilýär. Şu sebäpden hususy gurluşyk firmalarynda işleýän käbir işgärleriň öz işlerini terk edýändigi aýdylýar.
Azatlyk Radiosy maglumatda gürrüňi edilýän “Altyngül” fimasy bilen habarlaşyp, bu barada garaýyşlaryny sorady. Bu firmanyň adynyň efirde tutulmazlygyny soran wekili makalada gürrüňi edilýän maglumatlary tassyklady.
Bu barada Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy Osman Hallyýewiň taýýarlan maglumatyny diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar