'Uruş barada eserler ýitip gidýär'

“Beýik watançylyk urşy ýyllarynda türkmenistanlylaryň söweşjeň we zähmet edermenlikleri” atly ensiklopedik üç tomluk neşriň birinji tomunyň baş sahypasy.

Şu günler dünýäde Ikinji Jahan Urşunyň tamamlanmagynyň 70-nji ýyl dönümine taýýarlyk görülýär. Türkmenistanyň uruş ýyllarynda söweşlere gatnaşan we zähmet çeken aýatda bar bolan türkmenistanlylary hormatlamak üçin göz öňünde tutýan şu ýylky resmi planlary barada entek habar berilmeýär. Geçen ýylda ýeňiş baýramy mynasybetli uruş weteranlaryna türkmen hökümedinden 200 manat möçberde pul sowgady berilipdi.

Türkmenistanlylaryň Ikinji Jahan Urşy döwründe görkezen edermenligi barada soňky döwürde taryhy maglumatlar çap edilmeýär, munuň bilen bir wagtda öň işlenip taýýarlanan eserleriň-de ençemesi indi köpçülige elýeterli däl.

Hususan-da “Beýik watançylyk urşy ýyllarynda türkmenistanlylaryň söweşjeň we zähmet edermenlikleri” atly ensiklopedik üç tomluk neşriň ikinji we üçünji tomuny şu günki gün Türkmenistanyň resmi kitaphanalarynda tapyp bolmaýar.

Azatlyk Radiosy munuň sebäpleri bilen gyzyklanyp, neşriň redaktorlarynyň biri ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

'Uruş barada eserler ýitip gidýär'