Aşgabat: Energiýa jarnamasyna gol çekildi

Hazar deňzi, ozal nebit alnan, indi dynç alynýan ýer

Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe Ýewropa Bileleşigi bilen energiýa pudagynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky jarnama gol çekdi diýip, Azerbaýjanyň "Trend" habar gullugy ýazýar.

Bu dokumente 1-nji maýda, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň nebit-gaz ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň ÝB-niň ýokary derejeli wekilleri bilen Aşgabatda bolan duşuşygy mahalynda gol çekilipdir.

Aşgabatdaky gepleşiklere Azerbaýjan tarapyndan ýurduň energiýa ministri Natig Aliýew gatnaşdy we TDH onuň prezident G.Berdimuhamedow tarapyndan kabul edilendigini ýazýar.

Şeýle-de türkmen lideri Türkiýe respublikasynyň dört taraply gepleşiklere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen resmisini, energiýa we tebigy resurslar ministri Taner Ýyldyzy kabul edipdir.

"Trend" taraplaryň jarnamada energiýa resurslaryny öndürijileriň, tranzir ýurtlarynyň we sarp edijileriň bähbitlerini nazara almak bilen, ynamdar, durnukly we uzak möhletli halkara energiýa hyzmatdaşlygyny üpjün etmek üçin zerur bolan amatly şertleri döretmegi goldaýandyklaryny ýazýar.

Şeýle-de taraplar Türkmenistandan Ýewropa tebigy gaz iberilmegini üpjün etmekde deň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň wajypdygyny ykrar etdiler diýip, habarda aýdylýar.

Indi Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Ýewropa Bileleşiginiň degişli gurluşlarynyň ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde iş toparynyň döredilmegine we gepleşikleriň mundan aňryk hem dowam etdirilmegine garaşylýar.

Orsýetiň tebigy gazyna garaşlylygy azaltmak maksadyndan ugur alýan ÝB Türkmenistandan Azerbaýjana Trans-Hazar geçirijisini gurmak ideýasyny has işjeň goldamaga başlady.

«Trend» habar gullugy Brýusseliň Trans-Hazar gaz geçirijisi proýektini hem öz içine alýan «Günorta gaz koridoryny» ileri tutýandygyny ýazýar. Aýdylmagyna görä, Trans-Hazar gaz geçirijisi Azerbaýjan we Türkiýe tarapyndan işe girizilýän TANAP proýektiniň bir bölegi bolmaly.

Hukuk goraýjy aktiwistler Aşgabatda ÝB-niň ýokary derejeli resmisi bilen türkmen ýolbaşçylarynyň arasynda boljak duşuşygyň öňünden ýurtdaky adam hukuklaryna üns bermäge çagyrýan ýüzlenme çap etdiler.

Emma muňa garamazdan, resmi habarlarda bu mesele barada suwytly bir zat aýdylmady.