Türkmen görnüşleri - 18-nji hepde

Aşgabadyň Çoganly daçalyklaryndaky käbir ýaşaýjylaryň öz öý-goşlaryny alyp barýan pursady. Bu sebitiň käbir böleginde jaýlary ýykmaklygyň 25-nji maýa çenli duzdurylandygy habar berilse, käbir böleklerinde bolsa resmiler tarapyndan ýaşaýjylara öz jaýlaryny bäş günüň dowamynda söküp aýyrmak tabşyrylandygy bellenilýär.

Aşgabadyň Çoganly daçalyklaryndaky awtobus duralgalarynyň birinde kitap okap oturan ýolagçy.

Aşgabadyň "Saglyk ýolundaky" depeleriň birinde ýerleşýän öýjagaz.

Aşgabadyň Andalyp köçesi bilen Atabaýew köçesiniň çatrygynda ýüze çykan awtomobil çaknyşygy.

6-njy aprelden başlap Aşgabatda awtobuslaryň yzky gapysyndan çykyp öňündäki gapysyndan girmek düzgüni girizildi. Şol bir wagtyň özünde bu düzgüni berjaý edýän ýolagçylaryň sanynyň azdygy aýdylýar.

Paýtagtdaky Daýhan bazarynda daşy gaply harytlary satýan söwdagärleriň “Altyn Asyr” ýa-da il içinde Jygyldyk ady bilen tanalýan bazara göçürilen sebiti. Aşgabadyň il içinde Hitrowka ady bilen tanalýan sebitinde ýerleşýän “Daýhan bazary” mart aýynda göçürilip başlanypdy.

Aşgabadyň Andalyp köçesiniň ugrunda abatlaýyş işleri geçirilýär.

Aşgabatdaky "Saglyk ýoluň" golaýynda boýnundaky ýüpi daşa daňylan eşek.

Aşgabadyň A.Nyýazow şaýolunyň ugrunda ýagyndan goranmak üçin ýörite egin-eşigi geýen polisiýa işgäri.