Owganystanyň parlamentiniň Türkmenistan bilen serhetdeş Farýap welaýatyndan deputaty Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolup, regionyň aglaba böleginiň söweşijileriň gözegçiliginde ýa-da olaryň täsiriniň astynda galýandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, eger ýagdaýa zerur üns berilmese, welaýatyň galan böleginiň-de häkimiýetleriň gözegçiliginiň astyndan çykmagy ähtimal.
Azatlyk Radiosy deputat Fathulla Kaýsari bilen söhbetdeşlik geçirdi.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar