Merkezi Aziýa: Ýenç howpsuzlygy maslahat etdi

BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça komekçisi Miroslaw Ýenç

Şu günler Gyrgyzystana sapar edýän BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça komekçisi Miroslaw Ýenç Merkezi Aziýada howpsuzlyk meseleleri we “Yslam döwleti” toparynyň döredýän töwekgelçiligi barada gepleşik geçirýär. Şeýle-de gozgalýan meseleleriň arasynda suw meselesi, ykdysady problemalar we Merkezi Aziýada demokratik özgerişlikler temasy gozgalýar.

BMG-niň Baş sekretarynyň geňeşçisi, wezipesine şu ýylyň mart aýynda bellenen Miroslaw Ýenç öň BMG-niň Merkezi Aziýada prewentiw diplomatiýa boýunça Aşgabatdaky merkeziniň müdiri bolupdy. AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugy Miroslaw Ýenç bilen söhbetdeşlik geçirdi.

AÝ/AR: Siziň bu saparyňyzyň gün tertibinde howpsuzlyga degişli nähili meseleler durýar?

Miroslaw Ýenç: Munuň anyk meselelerdigini aýtmak bolar. Birinjiden, zorlukly ekstremizm, terrorizm howpuny, Yrakda we Siriýada “Yslam döwletiniň” hereketleri bilen bagly howplary, şeýle-de Owganystandan gelip çykýan terrorçylyk howpuny agzap bolar. Owganystan bilen goňşy Merkezi Aziýa ýurtlary bu howplary gös-göni duýýarlar.

Indiki mesele, regionda suw resurslarynyň ulanylmagyna degişli. Bu ýerde suw resurslaryny adalatly ulanmak boýunça uzak wagt bäri gepleşikler geçýär. Elbetde, biz Merkezi Аziýa ýurtlarynyň suw we energiýa resurslaryndan bilelikde peýdalanmak boýunça halkara mehanizmlerine düşünmegine ýardam berýäris.

Ýene bir mesele sosial-ykdysady ösüşe degişli. Biz nebit-gazyň bahasynyň peselýändigini we merkezi aziýa ýurtlarynyň öz hyzmatdaşlyk edýän beýleki ýurtlarynda ýüze çykýan kynçylyklaryň täsirini duýýandygyny görýäris. Bu ugurda Ukrainadaky ýagdaýlary we Orsýet babatyndaky sanksiýalary bellemek mümkin.

Möhüm meseleleriň ýene biri, neşe gaçakçylygy. Biz bu howpuň gitdigiçe güýçlenýändigini görýäris we munuň öňüni almak üçin hyzmatdaşlygy güýçlendirmeli diýip hasap edýäris.

AÝ/AR: “Halkara krizis topary” Siriýadaky soňky ýagdaýlaryň Merkezi Aziýanyň radikallaşmagy boýunça çynlakaý howp döredýändigini aýdýar. Şeýle howp näderejede uly we Merkezi Aziýa ýurtlary onuň bilen haçan ýüzbe-ýüz bolup bilerler?

Miroslaw Ýenç: Merkezi Aziýa ýurtlary şeýle problemalar bilen eýýäm häzir ýüzbe-ýüz bolýarlar. Biz Siriýada we uruş gidýän beýleki ýurtlarda merkezi aziýalylaryň söweşýändigi barada maglumatlary bilýäris. Bu ýerde takyk hasap çykarmak kyn, emma Merkezi Aziýadan bolan söweşijileriň sanynyň ýüzlerçe adamdan birnäçe müň adama çenli baryp ýetýändigi öňe sürülýär. Onsoň hakyky howp bar diýip hasaplamaga esas bar. Şonuň üçin Merkezi Aziýa döwletleri bu meselede has köp hyzmatdaşlyk etmeli diýip hasap edýärin. Sebäbi bu global problema bolup, bir döwletiň öz güýji bilen çözerinden has agyr. Munuň üçin regional we global hyzmatdaşlyk gerek.

Biz geçen ýylda Bişkekde habar serişdeleriniň, žurnalistleriň terrorizme garşy göreşdäki roly boýunça çäre geçirdik. Şeýle-de ýakynda biz Aşgabatda duşuşyk geçirip, terrorizme garşy göreşiň çäklerinde serhetlere gözegçilik etmek we olary dolandyrmak meselesini maslahat etdik. Bu ýerde taraplaryň arasynda has köp ynamyň we işleriň gerekdigini belläsim gelýär, sebäbi howp hakykatdanam çynlakaý. BMG we Howpsuzlyk Geňeşiniň ýörite rezolýusiýasy regionyň ýurtlaryna şeýle meselede ýardam bermäge taýýar.

AÝ/AR: Radikallaşmagyň öňünde haýsy ýurtlar has gowşak?

Miroslaw Ýenç: Radikallaşmak we terrorçylyk köp faktorlar bilen bagly ýagdaý. Şonuň üçin BMG-niň daşary ýurtly söweşijiler we zorlukly ekstremizmiň öňüni almaga gönükdirilen rezolýusiýasy boýunça geçirilen çekişmä gatnaşyjylaryň köpüsi jemgyýetdäki bölünişige, agyr sosial-ykdysady şertlere, adam hukuklary bilen bagly problemalara ünsi çekdiler. Sebäbi adamlar ýurduň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyna doly gatnaşyp bilmeseler, öz nukdaýnazaryny aýdyp bilmeseler, ýa-da dini azatlykdan peýdalanyp bilmeseler. Bu zatlar hem ýagdaýa ýaramaz täsir ýetirýär.

Daşarky faktorlar hem bar. Neşe gaçakçylygy bilen terrorçylygyň arasynda hem arabaglanyşyk bar, korrupsiýanyň hem täsiri bar. Döwletler [durnuklylygyň hatyrasyna] kanunyň hökmürowanlygyny üpjün etmeli we demokratiýanyň doly derejede işlemegine ýol açmaly.