Obama Eýran ylalaşygyna ynamly

Prezident Obama11-nji aprelde Panamada, Amerikalar sammitinde žurnalistleriň öňünde çykyp gürledi.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama, Eýranyň ýokary ruhany lideri Ali Hameneýiniň şu hepde aýdan dözümli sözlerine garamazdan, özüniň Eýranyň ýadro programmasyny jylawlamak barada şertnama baglaşmak planlarynyň başa barjagyna ynamlydygyny aýtdy.

Obama Hameneýiniň reaksiýasyna geň galmandygyny, sebäbi Eýranyň bu meselede öz syýasatçylarynyň hem kanagatlandyrmaly «berk liniýaly» adamlarynyň bardygyny aýtdy.

11-nji aprelde Panamada, Amerikalar sammitinde žurnalistleriň öňünde çykyp gürlän Obama jemleýji şertnama asyl maksatlara ýetmek bilen bir hatarda Eýranyň «buýsanjyny» hem kanagatlandyryp biler diýdi.

Dünýä döwletleri we Eýran geçen hepde Şweýsariýada deslapky ylalaşyga geldiler.

Indi olar 30-njy iýuna bellenen ahyrky möhletde, ABŞ-nyň, ÝB-niň we BMG-niň bu ýurduň maliýe hem energiýa pudaklaryna garşy girizen sanksiýalarynyň käbiriniň aýrylmagynyň öwezine, Eýranyň ýadro programmasyna çäklendirme girizýän köptaraply ylalaşyga gol çekmeli.

ABŞ Eýrana garşy girizilen sanksiýalaryň ýuwaş-ýuwaşdan aýrylmalydygyny aýtdy, emma eýran resmileri, şol sanda ýokary lider Ali Hameneýi Eýrana garşy girizilen gadaganlyklaryň ahyrky şertnama gol çekilen badyna aýrylmalydygyny aýdýar.

Analitikleriň pikirine görä, bu ylalaşmazlyk eýran we günbatar resmileriniň deslapky ylalaşyga nähili başgaça düşünýändiklerini görkezýär.

Hameneýi bu ylalaşyk barada 9-njy aprelde eden ilkinji açyk beýanatlarynda Birleşene Ştatlaryň «şeýtançylyk» niýetleri barada duýduryş berdi.

"Amerikanlar biziň gepleşikçilerimiz öz gepleşiklerini tamamlanyndan birnäçe sagat soň bir beýanat ýaýratdylar... olaryň «fakt sanawy» diýip atlandyran beýanaty köp meselede nädogry" diýip, Hameneýi aýtdy.

Hameneýi deslapky ylalaşyk 30-njy iýuna bellenen ahyrky möhletde hemme taraply ylalaşyk gazanyljagyny kepillendirmeýär diýdi.

Hameneýi eýranlylaryň inkär etmesini, ýagny Tähranyň, Günbataryň gümanynyň tersine, ýadro ýaragyny edinjek bolmaýandygyny gaýtalady.

Eýranyň, ABŞ-nyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Britaniýanyň, Orsýetiň we Hytaýyň gepleşikçileri, ahyrky ylalaşygyň baglaşylmagyna ýol arçamak üçin, ýakyn günlerde gaýtadan gepleşige başlar.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.