Türkmen ilçihanasynyň websaýtyna näme boldy?

Türkmenistanyň Belarusdaky ilçihanasynyň websaýtynda peýda bolan şekil

Türkmenistanyň Belarusdaky ilçihanasynyň resmi websaýty işlemeýär. Bu ýagdaýy Azatlyk Radiosyna Türkmenistanyň Minskdäki ilçihanasynda hem telefon arkaly tassykladylar.

Websahypanyň, ilkibaşda özlerini ”Yslam Döwleti” atly terror topary bilen ilteşiklidigini aýdýan hakerler tarapyndan döwlüp, soňra onuň düýpden ýatyrylandygy aýdylýar. Sahypanyň işlemezliginiň sebäbi hakda resmi taýdan takyk maglumat berilmeýär.

Türkmenistanyň Belarusdaky ilçihanasynyň işgäri Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda saýtyň diňe soňky iki gün bäri işlemeýändigini, emma munuň sebäpleri barada bir zat aýdyp bilmejegini aýtdy.

Türkmenistanyň Belarusdaky ilçihanasynyň websaýtynda peýda bolan şekil

​Mundan ozal Belarusyň bilim we tehnologiýa boýunça habarlary çap edilýän - 42.tut.by atly internet neşiri bolsa, ilçihananyň resmi sahypasynyň “Yslam döwleti ” atly terror toparynyň tarapdarlary tarapyndan döwlendigini aýdyp, ilçihananyň saýtynyň baş sahypasynda eli tüpeňli bir adamyň suraty bilen ”Yslam Döwleti” toparynyň simwollaryny görkezýän maglumatyň ýerleşdirilendigini habar beripdi.

Agzalýan şol neşir ilçihananyň internet sahypasynyň suratyny hem çap edipdir. Şol suratdan belli bolşuna görä, ilçihananyň internet sahypasyny döwen hakerler tarapyndan ýerleşdirilendigi aýdylýan maglumatda şeýle diýilýär: “Sahypa “Yslam Döwletiniň” Internet hakerler topary Al-Moujahidine tarapyndan ele alyndy, siziň howpsuzlygyňyza eýe çykyldy”.

Şeýle-de maglumatyň beýleki bir böleginde sahypa hüjüm eden Abdellah Al-Maghribi diýlen ýazgy ýerleşdirilipdi.

Bu maglumatlar 7-nji aprelden başlap Belarusyň dürli internet neşirlerinde peýda boldy. Emma edil häzirki gün şol maglumatlar ilçihananyň sahypasyndan aýrylyp, sahypa düýbünden ýatyryldy diýlen maglumat göze ilýär.

Bu barada Türkmenistanyň Belarusdaky ilçihanasy resmi beýanat ýaýratmady.

Howpsuzlyk meselesi gün tertibinde

Türkmenistan 1995-nji ýylda yglan eden bitaraplyk statusynyň regionda parahatçylygyň we durnuklylygyň güýçlendirilmegine goşant goşmagyna resmi derejede yzygiderli umyt bildirip gelýär.

Emma, muňa garamazdan, soňky wagtda goňşy Owganystanda “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileriniň täsiriniň güýçlenýändigi baradaky maglumatlaryň artmagy bilen, türkmen häkimiýetleri bu ugurda dürli çäreleri görüp başladylar.

2-nji aprelde Aşgabadyň iň uly metjitlerinden biri Är-Togrul gazy metjidiniň ymamy juma namazynda eden çykyşynda, “Yslam Döwleti” toparyny berk ýazgyryp, onuň Yslamyň duşmanlary tarapyndan maliýeleşdirilýändigini we şol toparyň yslam dininiň bähbidine garşy hereket edýändigini aýdyp çykyş etdi.

Şol bir wagtyň özünde-de şu ýylyň başyndan bäri Türkmenistan ätiýaçlykdaky harbylaryny goşuna çagyrdy, Owganystan bilen umumy serhedini garym gazmak, sim çekmek ýaly çäreler arkaly pugtalandyrýar, şeýle-de sebitdäki howpsuzlyk problemasyny halkara regional derejede gozgaýar.

Halkara ýardamy

ABŞ-nyň harbylarynyň baş ştabynyň komandiri, general LIýod Austyn mart aýynyň aýagynda Kongresiň harby güýçler boýunça komitetinde eden çykyşynda Türkmenistanyň Owganystan bilen serhedindäki durnuksyzlyk meselesini çözmekde harby ýardam almak islegi bilen ABŞ-a hem ýüz tutandygyny habar beripdi.

Orsýetiň hem Türkmenistana harby taýdan ýardam bermäge we hatda goşun girizmäge-de ukyplydygy barada soňky döwürde orsýet mediasynda yzygiderli maglumatlar çap edilýär.