Internet trollary üçin suratlar ýygyndysy bar

вштабе.рф websaýtyndan alnan şekil

Ors dilli internet trollarynyň günbatar ýa-da ukrain liderlerini masgaralamak üçin ulanýan ýaňsylaýjy suratlary nireden alýandyklary barada sizde sorag döräpmidi? Şol ýaňsyly maglumatlaryň suratlar bilen üstüni ýetirmek üçin ýörite websaýt hem ýöredilýär.

Britaniýanyň ”Guardian” gazetiniň 2-nji aprelde çap eden maglumatynda aýdylyşyna görä, ”вштабе.рф” adresli websaýtda taýýarja suratlaryň müňlerçesi bar we olardan Sankt Peterburgdaky gizlin guramalarda işleýän ýüzlerçe hakynatutma trollar peýdalanýarlar.

Suratlar köplenç ýönekeý şekiller bolup, olaryň ýüzüne ýaňsylaýjy ýa gödek degişmeler ýazylýar hem-de olar soňra günbatar we ukrain syýasatçylaryny masgaralamak we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putini halkara sahnasynda täsirli erkek edip görkezmek üçin ulanylýar.

Suratlaryň ençemesinde jynsparazlyk äheňi bar. Bu ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamany maýmyn görnüşinde sypatlandyrýan suratlara degişli. Beýlekilerde Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko aýal geýminde görkezilýär.

2-nji aprelde çap bolan bir suratda aýal geýmini geýnen Poroşenkonyň kompýuteriň öňünde Obamanyň suratyna seredip oturandygy görkezilýär. Suratyň aşagyndaky ýazgyda: “Ukraina üçin täze karz pul barada wideokonferensiýa” diýlen ýazgy bar.

”Guardian” neşriniň žurnalisti Shaun Walker özüniň Marat atly biri bilen geçiren interwýusyna esaslanyp, websaýty Sankt Peterburgyň ”Iinternet trollary” edarasy bilen baglanyşdyrýar. Bu adam özüniň şol ýerde iki aýlap işländigini aýdýar we iş şertleriniň kemsidiji bolandygy sebäpli özüniň bu işi taşlandygyny gürrüň berýär.

Marat Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna geçen aýda beren interwýusynda demotiwator diýlip atlandyrylýan şeýle ýaňsylaýjy suratlaryň Sankt Peterburgyň ”Internet trollary” edarasynyň işindäki roluny belledi we ol ýerde ”LiveJournal” sosial ulgamy departamentiniň, ”Täzelikler departamentiniň”, suratlaryň we mundan başga-da demotiwatorlaryň dürli görnüşlerini taýýarlaýan departamentiň bardygyny aýtdy.

Bu internet sahypasynyň ”вштабе.рф” saýty Orsýetde hasaba alnan hem bolsa, Orsýetde ýerleşýän beýleki internet serişdeleriniň bolşy ýaly, ony salgy berýän hiç hili köpçülikleýin çelgi ýok.

Şol bir wagtda-da internet boýunça sanawlaryň birinde onuň 2014-nji ýylyň 29-njy martynda, Orsýetiň Krym ýarymadasyny Ukrainadan bölüp alyp, öz düzümine goşmagyndan sanlyja gün geçensoň hasaba alnandygy görkezilýär.

Marat Sankt Peterburgdaky ”Internet trollary” edarasynyň ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň “Ukraina degişli ähli zatlary yzarlaýandyklaryny” gürrüň berdi.

Putin bilen Obamany şekillendirýan karikatura

Marat ”Internet trollar” edarasynyň Sank Peterburgda alyp barýan işleri barada maglumatlary media, şol sanda AÝ/AR-a ýetiren ençeme agzasynyň diňe biri. Ol işgärleriň birnäçesi bu işiň syýasy bihaýalygyndan göwnüniň galandygyny aýdýar.

Walkeriň ”Guardian” gazetinde çap bolan makalasyndan soň ”вштабе.рф” websaýtynyň işgärleri wagty biderek geçirmediler. Birnäçe sagadyň içinde websaýtda Putini we Obamany şekillendirýän iki adamyň gazet okap oturandygyny görkezýän ýasama surat peýda boldy.

Obamanyň suratynda "The Guardian” seniň trollaryň tarapyndan men barada karikatura çekilendigini habar berýär. Sen utanaňokmy?” diýen ýazgy bar.

Suratda Putin oňa: “Diňe seniň üçin, Barak” diýip jogap berýär.