Türkmenistan Mümkinçiligi çäkli adamlaryň hukuklary boýunça Konwensiýany berjaý edişi barada Birleşen Milletler Guramasyna hasabat berdi. 1-2-nji aprel aralygynda Ženewada BMG-niň Mümkinçiligi çäkli adamlar boýunça edarasynyň (CRPD) garamagynda geçen çärede türkmen delegasiýasy 18 sany garaşsyz halkara ekspertler bilen dialoga girip, olaryň soraglaryna jogap berdi.
Duşuşygyň dowamynda türkmen wekilleri ýurtda mümkinçiligi çäkli adamlar bilen bagly käbir sanlary hem mälim etdiler. Türkmenistanyň pension fondunyň maglumatyna laýyklykda, häzirki wagtda ýurtda 121,810 sany mümkinçiligi çäkli adamlar bolup, olardan: 2,513-i I topar; 24,834-i II topar we 13,450-i III topar maýyplygy bolanlar.
Türkmen häkimiýetleriniň hasabatyna görä, ýurtda 33,994 sany maýyp çaga bar we olardan 13,196-sy 16 ýaşa çenliler. Pensiýa alýan gartaşan maýyplaryň sany 33,822 adam.
Ýurtda jemi 62,142 sany maýyp zenan bolup, olardan: 5,521 sanysy 16 ýaşyny doldurmadyk çagalar. Pensiýa alýan gartaşan maýyp aýallaryň sany bolsa 13,225-e deň.
Türkmen resmileri, hökümetiň maýyplar babatyndaky aladasyny nygtap, 2009-2014-nji ýyllar aralygynda maýyplaryň arabalaryndan 1780 sanysyny – oňa mätäç adamlara – mugt berlendigini aýtdylar.
Ekspertler Türkmenistanda maýyplara kömek bermek işinde korrupsiýanyň täsiriniň nähilidigini soranlarynda, türkmen resmisi “maýyplara gezek gelende, kimdir biri parahorluk edip biler diýip pikir edemok” diýip jogap berdi.
Türkmen Parlamentiniň Kanuçylyk we normalar boýunça Komitetiniň başlygy, deputat Pirnazar Hudaýnazarow ýurtdaky hukuk düzgüniniň “parahorlaryň sanyna we korrupsiýanyň gerimine bagly bolman, eýse hökümetiň onuň öňüni almak ukybyna baglydygyny” nygtady. Hudaýnazarowyň ynandyrmagyna görä, eger onuň öz sözleri bilen aýtsaň, Türkmenistanda häzir bu ugurda “ýeterlik” işler edilýär.
Ekspertler Türkmenistanda mümkinçiligi çäkli adamlar üçin jemgyýetçilik transportynyň göz öňünde tutulmandygyny, bu ugurda haýsydyr bir işleriň ediljekdigi bilen gyzyklanyp, beren soraglaryna türkmen resmisi häzirki wagtda “maýyplaryň zerurlyklaryny göz öňünde tutýan iki awtobusyň synagdan geçirilýändigini, mundan soň olary satyn almagyň planlaşdyrylýandygyny” aýan etdi.
Halkara ekspertleriniň garyplyk şertlerinde ýaşaýan maýyplara edilýän hemaýat baradaky soragyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekili ýurtda, umuman, “garyplyk” diýen düşünjäniň ýokdugyny aýtdy.
Ekspertleriň mümkinçiligi çäkli adamlaryň ýurduň syýasytyna gatnaşmak mümkinçilikleri baradaky soragyna, türkmen resmileri ýurduň kanunçylygynyň muňa garşy çykmaýandygyny, emma şol bir wagtda-da Mejlisde mümkinçiligi çäkli bolan ýekeje-de wekiliň ýokdugyny boýun aldylar.
Iki günläp dowam eden gepleşikleriň dowamynda halkara ekspertleriniň beren soraglarynyň ençemesi jogapsyz galdyryldy.
Türkmenistan Mümkinçiligi çäkli adamlaryň hukuklary baradaky Konwensiýa 2008-nji ýylyň sentýabrynda goşuldy. Bu Konwensiýa dünýä boýunça 153 ýurt agzadyr.