Möhlet gutardy, gepleşikler dowam edýär

Eýranly resmi Hamid Baeedinejad (Ç) gepleşikler barada maglumat berýär, Lazanna, 31-nji mart, 2015 ý.

Dünýäniň alty döwletiniň uly derejeli diplomatlary we Eýran Şweýsariýanyň kurort şäheri bolan Lazannada Tähranyň ýadro programmasy baradaky gepleşikleri dowam etdirdiler.

Gepleşikçiler 31-nji marta bellenen soňky möhletde, agyr ykdysady sanksiýalary gowşatmak şerti bilen, Tähranyň ýadro programmasyny jylawlamak barada baglaşylmaly ylalaşygyň çäklerini kesgitläp bilmediler.

Göz öňünde tutulan çarçuwalaýyn ylalaşyk 30-njy iýunda baglaşylmaly köpgyraňly şertnama ýol açmalydy.

Bu hili ylalaşyk Eýranyň ýadro programmasy bilen baglylykda dörän 12 ýyllyk gapma-garşylygy aradan aýyrmalydy.

Günbatar döwletleri we Ysraýyl Tähran ýadro ýaraglaryny edinmek maksadyndan ugur alýan bolmasyn diýip howatyrlanýar, Eýran muny inkär edýär.

Diplomatlar islendik bir beýanatdan ozal bir topar edilmeli işiň bardygyny aýtsalar, ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri we Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawed Zarif 1-nji aprelde ikitaraplaýyn gepleşik geçirdiler.

Eýranyň baş ýadro gepleşikçisi Abbas Aragçi «problemalaryň» saklanyp galýandygyny aýtdy. Ol Eýranyň döwlet telewideniýesine beren göni interwýusynda eger gün ahyryna çenli bilelikdäki jarnama çap edilse-de, onuň beýle bir takyklygynyň bolmajagyny öňe sürdi.

Esasy bökdençlikler

Ol sanksiýalaryň gowşadylmagy, ylmy-gözleg we uran baýlaşdyrmak bilen bagly meseleleriň esasy bökdeýjiler bolup durýandygyny aýtdy.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 1-nji aprel güni irden «ministrler bu meseläniň ahyrky jemlemesiniň esasy aspektleriniň ählisi boýunça umumy ylalaşyga geldiler» diýdi.

«Bu ylalaşyk gelýän birnäçe sagatda, belki-de günüň dowamynda kagyza geçirilip bilner» diýip, Lawrow 1-nji aprel güni giçlik Lazannany terk etmezinden öň aýtdy.

Emma gepleşiklere ýakyn duran amerikan diplomatlary ähli esasy meseleler boýunça ylalaşyga gelnendigi barada aýdylan sözleriň nädogrudygyny aýtdylar.

Britaniýanyň daşary işler sekretary Filip Hammond biraz soň «meniňçe, biz giň çarçuwalaýyn düşünişme gazandyk, emma ol ýerde şindem içinden geçilmeli käbir esasy meseleler bar» diýdi.

"Olaryň käbiri örän jikme-jik we tehniki, şu sebäpden ol ýerde bir topar edilmeli iş bar, emma biz indi olara geldik we bu işi dowam etdireris» diýip, ol BBS-ä aýtdy.

Bir german diplomatynyň bolsa, gepleşikler ýarygijeden soň «birnäçe möhüm meselede» bökdençlige uçrady diýendigi aýdyldy.

Ady aýdylmadyk bir diplomat bolsa, tehniki ekspertler uzakly gije işläninden soň, öňegidişlik «bellärlikli» boldy diýendigi aýdyldy. "Hiç bir zat karar edilmedi, emma ýagşy niýet bilen bir ylalaşyk [mümkin]» diýip, ol sözüniň üstüni ýetiripdir.

Hytaý eglişige çagyrdy we eger gepleşikler petige direse, Eýranyň ýadro gapma-garşylygyny çözmek barada edilen ähli tagalla puja çykar diýdi.

Hytaýyň daşary işler ministri Wang Ýi 31-nji martda, Fransiýanyň daşary işler ministri Laurent Fabius bolsa 1-nji aprelde irden Lazannany terk etdi, olar «zerur bolan halatynda» yzlaryna geljekdiklerini aýtdylar. Lawrow hem 1-nji aprelde gaýtdy.

Eýranyň baş gepleşikçisi Abbas Aragçi Eýranyň döwlet telewideniýesi bilen göni söhbetdeşlikde «biz ähli problemalar boýunça çözgüde gelýänçäk, hemmetaraply ylalaşyk baglaşyp bilmeýäris» diýdi.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama 31-nji martda giçlik Şweýsariýada barýan gepleşikler barada döwlet sekretary Jon Kerri we milli howpsuzlyk toparynyň beýleki agzalary bilen gysgaça wideo-maslahat etdi.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik bäş agzasy we Germaniýa Eýranyň ýadro programmasyny barlap bolýan ýagdaýda jylawlamaga, ýagny Tähranyň ýadro ýaraglaryny edinmekden saklanmagynyň üpjün edilmegini gazanmaga çalyşýar.

Gepleşikçiler 2013-nji ýylyň noýabrynda wagtlaýyn ylalaşyk gazandylar, emma hemme taraply ylalaşyk gazanmagyň soňky möhleti diýip bellenen iki möhleti elden giderdiler.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.