Moskwaly suratkeş Lena Hades Orsýetiň oppozision liderleriniň biri Boris Nemtsow öldürileli bäri onuň 100-den gowrak portretini çekipdir.
Bu bir özboluşly art-marafon bolup, suratkeşiň aýtmagyna görä, ol tä ony öldürdenler tapylýança, Nemtsowyň portretlerini çekmegini dowam etdirmekçi. Ol, şowly çykdy diýip hasaplaýan käbir portretlerini, öz internet sahypasynda goýýar.
Boris Nemtsow 27-nji fewralda Moskwanyň merkezinde öldürildi.
Hades, jemgyýetde öňdebaryjy sungat işgärleriniň biri hasaplanýar. Ol mundan owal gyzlardan ybarat bolan "Pussy Riot" toparynyň agzalarynyň hem tarapyny tutupdy. Prezident Putini we prawoslaw haçparaz buthanany tankyt edip, tussag edilen toparyň agzalarynyň portretlerini "Şanel" pomadasy (dodak reňklenýän) bilen çekipdi.
Onuň çeken suratlary, Russiýada bolşy ýaly, daşary ýurtlardaky galereýalardaky sergilerde hem görkezilýär.
Lena Hades Azatlyk Radiosynyň Rus gullygy bilen geçiren söhbetdeşliginde aslynda özüniň gündelik syýasy hadysalar bilen gyzyklanmaýandygyny aýdýar.
Nemtsowyň kimdigini bolsa, ol öldürilenden soň bilip galypdyr. Şol wagta çenli ol Kremliň tarapyny çalýan metbugatyň Nemtsow barada ýaýradýan ýalan maglumatlarynyň täsirinde bolupdyr. Ýöne öldürilenden soň Nemtsow bilen owal geçirilen söhbetdeşlikleri okapdyr, onuň çykyşlarynyň wideo ýazgylaryna tomaşa edipdir.
Suratkeş zenan: "Nemtsow harizmatik, lebzi halal adamdy. Onuň portretini çekmegi dowam edýärin. Durup bilemok, şol çekip gidip otyryn..." diýýär.
Hadesiň bellemegine görä, Nemtsowyň öldürilmegi bilen oppozisiýa baştutansyz galypdyr we bu ýagdaý ýurt üçin ullakan ýitgidir.
Ol özüniň art-marafonyna 5 sany kärdeşini hem goşupdyr. Olaryň çeken portretlerini hem öz internet sahypasynda goýupdyr.
Suratkeş, Nemtsowyň kyrkyna çenli elinden geldiginden has köp portret çekmek isleýär we şonuň üçinem indi ertir irden agşama çenli işleýär. Kyrkyndan soňra bolsa işiň depginini azaldar. "Bu fiziki taýdan gaty agyr iş" diýip, Hades edýän işiniň kyndygyny boýun alýar.
Şu wagta çenli Nemtsowyň öldürilmegi bilen baglanyşykly birnäçe adam tussag edildi. Emma Russiýanyň oppozisiýasynyň garaýşyna görä, olar hakyky jenaýatkärler däl. Onsoňam syýasatçynyň öldürilmegini kimiň buýrandygy anyklananok.
Eýsem, suratkeş jenaýaty buýruk berenleriň tapyljagyna ynanýarmyka?
"Men muňa ynanmaýaryn. Dogrusyny aýtsam, men mistisizmiň tarapdary däl. Ýöne, durmuşymda şol bir oňaýsyz ýagdaýlaryň yzygiderli gaýtalanmaga başlan wagty, munuň tötänlik däldigine ynanmaga ymtylýaryn. Portretleri çekmegi dowam etdirsem, onda munuň derňew işine oňaýly täsir etjekdigi barada mende bir duýgy bar".