“Facebook” firmasy San-Fransiskada halk köpçüligini özüniň täze planlary bilen tanyş etdi.
Metbugat işgärlerine “Internet uçarlarynyň” taslamalary görkezildi.
Taslamalarda, gün batareýalary bilen işleýän uçarmansyz uçýan enjamlar barada gürrüň gozgalýar. Olaryň iki ganatynyň bilelikdäki uzynlygy “Boeing 767” kysymly uçaryňky ýaly bolsa-da, agramy kiçijik awtomobilden hem ýeňildir.
Olar bir gezek uçansoň 3 aýlap asmanda saklanyp biler ýaly edip ýasalan.
Facebook firmasynyň berýän maglumatyna görä, şeýle uçarlardan 1000 sanysy ýasalyp, işe giriziler.
Şöhle bilen internet
Uçarlar 20-30 müň metr belentlikden uçup, lazer tehnologiýasy bilen 5 milliarda golaý adamyň internet hyzmatyndan şol bir wagtyň özünde peýdalanmagyna mümkinçilik döreder.
Bu bolsa dünýäniň iň çetki ýerlerinde hem internetden ulanmaklygy edil suw içen ýaly aňsatlaşdyrar.
“Biz dünýäde her bir adama hyzmat etmek isleýäris” diýip bellän Facebook laboratoriýasynyň ýolbaşçysy Yael Maquire sözüniň üstüni şeýle ýetirýär: “Biz öz ýaşaýan planetamyzda bir habary hemmeleriň şol bir wagtda alyp bilýän döwrüne ýetip bilermikäk? Men şol güne sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn”.
Uçarmansyz uçarlar bu tomus synagdan geçiriler.
Mundan owal Google firmasy hem ýer ýüzüniň ilatyny uçarmansyz uçarlar arkaly internet hyzmaty bilen üpjün etmek hödürlemek planynyň bardygyny aýan edipdi.