Birma: Ylalaşygyň taslamasyna gol goýuldy

Birmanyň prezidenti Thein Sein ýurtda 65 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ýaragly konfliktiň soňuna ýetmegi maksat edinýän ok atyşygy bes etmek baradaky ýaraşyk ylalaşygynyň taslamasyna gol goýmak boýunça geçirlen dabara gatnaşdy.

Mýanmar ady bilen hem tanalýan Birmadaky 16 sany etniki ýaragly toparyň wekillerinden ybarat “Ähliumumy ok atyşygy bes etmek boýunça ylalaşma toparynyň” we hökümetiň wekilleri gürrüňi gidýän ylalaşygyň taslamasyna 31-nji martda gol goýdular.

Birleşen Milletler Guramasy bu çäräni “taryhy waka we möhüm öňe gidişlik” diýip atlandyrdy.

Birmanyň hökümet araçylary bu mesele dogrusynda ylalaşygy baglaşmak üçin 2013-nji ýyldan bäri “Ähliumumy ok atyşygy bes etmek boýunça ylalaşma toparynyň” wekilleri bilen duşuşyp gelýärdiler.