Region görnüşleri #13

Iki çeh zenany -- Antonie Chrastecka (çepden ikinji) we Hana Humpalova (sagdan ikinji) -- 2013-nji ýylyň martynda "Al-Kaýda" iltewli ýaragly adamlar tarapyndan  Pakistanda alnyp gaçyldy we 27-nji martda azat edilenlerinden soň Türkiýede görüldi. Olar öýlerine geldiler.

Merkezi Moskwa, Döwlet Dumasynyň daş işiginde, sowadyja girip, daşary ýurt azyk harytlarynyň getirilmegine garşy bir adam protestini edýär. (Roýters/Maxim Shemetov)

Fransiýaly Gabriella Papadakis we Guillaume Cizeron, Şanhaýda  Buzda typmak boýunça Dünýä ýaryşynda çykyş edýär.  27-nji mart. (Roýters/​Aly Song)

Siriýa, Kobani, 25-nji mart, kürt aýaly çagasy bilen. (AFP/Yasin Akgul)

Kopiapo derýasynyň agyr ýagan ýagyş zerarly joşmagy netijesinde dörän silde, howpsuzlyk liniýasyndan ýapyşyp, köçeden geçýän adam, Çili, 26-njy mart. (AFP)

Oppozisiýa ýygnanyşygy, şygara gygyrylýar, Minsk, Belarus, 25-nji mart. (Roýters/​Vasily Fedosenko)

Sanaa aeroptortunyň ýanynda ýaşaýyş raýonyna urlan howa zarbasyndan soňky ýagdaý, Ýemen, 26-njy mart. (Roýters/​Khaled Abdullah)

Owgan gyzy Kabulda 25-nji martda guralan kast ediş hüjüminden soň, zyýan ýeten binanyň penjiresinden daşaryk seredýär. (Roýters/​Mohammad Ismail)

Rus kosmonawty Gennady Padalka saçyny bejerdýär, "Kosmonawt" hoteli,  Baýkonur, 25-nji mart. (Roýters/​Bill Ingalls)

Lwow, "Prawda" piwo zawodynyň işgäri syýasy liderleriň suratlaryndan ýarlyk ýelmenen piwoly çüýşeleri hatarlaýar. (Roýters/​Roman Baluk) 

Kosta Rikadan Keýlor Nawas (ýokarda) we Paragwaýdan  Raul Bobadilla dostlukly futbol ýaryşy mahalynda, Milli stadion, San Jose, Kosta Rika, 26-njy mart. (epa/Jeffrey Arguedas)

Ukrain harby gullukçysy adamsyz aňtaw uçaryny uçurýar, Lysyçansk,  Luhansk regiony, 24-nji mart. (AFP/Petro Zadorozhnyy)

Romalylaryň ýaşaýan ýerinde bir oglan weýran bolan jaýyň üçeginde, Gyongyospata, Budapestden 81 km uzaklykda, 24-nji mart. (epa/Zoltan Baloght)

Siriýaly bosgun çagalar Iordaniýanyň Mafrag şäherindäki Al-Zatari bosgun lagerinde Taekwondo tälimini alýarlar.  24-nji mart. (Roýters/Muhammad Hamed)

Kürt oglanjygy weýran edilen jaýlaryň arasynda oýun bilen gümra, Kobani, Siriýa, 24-nji mart. (AFP/Yasin Akgul)

Kürt gyzlary ýykylan binalaryň arasynda, Kobani, Siriýa. (AFP/Yasin Akgul)

Ýaponiýanyň Goranyş güýçleri ABŞ-nyň goşun generaly Martin Dempsiniň garşylanmagyna taýýarlanýar, Tokio, Goranmak ministrligi. (Roýters/Toru Hanai)

Ukrainanyň gyrakladylan prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň oglunyňkydyr öýdülýän atsyz mazar, Sewastopol, Krym, Doganlyk gonamçylygy. (Roýters/Pavel Rebrov)

Owgan prezidenti Aşraf Gani (çepde) ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri (ortada) we baş ýetiriji Abdulla Abdulla bilen Döwlet departamentinde, nahardan öň. Waşington. (Roýters/Yuri Gripas)

Adamlar bahar gülleriniň açylan parkyna gelýärler. Şanhaý, Hytaý. (Roýters/Aly Song)

Yrak şaýy söweşijisi, "Nejebiň arslanlary" diýen ýazgynyň aşagynda surata düşýär.  Kufa, tälim wagty. (AFP/Haidar Hamdani)

Pakistan çagalary Milli gün baýramçylygynda tanka münüp otyrlar, Rawalpindi. (AFP/Farooq Naeem)

Serb milletçi syýasatçysy we aýyplanan uruş jenaýatçysy Wojislav Seselj goldawçylarynyň arasynda otlanan NATO baýdagyny tutup dur, Belgrad. (EPA/Andrej Cukic)

Anti-Huti protestçiler dargatmak üçin asmana ok atan polisiýadan gaçýar, Taiz şäheri, Ýemen, 23-nji mart. (Roýters/Anees Mahyoub)

Ýaş owgan telekeçileri doňdurmaga satmaga barýarlar, Mazari-e Şarif şäheriniň etegi, 23-nji mart. (AFP/Farshad Usyan)

Polis halkara Rus Konserwatiw forumy mahalynda antifaşist demonstrantlaryy tutýar, S. Peterburg. (TASS/​Ruslan Shamukov)

Owgan hukuk aktiwistleri 19-njy martda Kabulda urlup öldürilen we soň jesedi otlanan Farhundany soňky ýoluna ugradýarlar. (Roýters/Mohammad Ismail)