ÝB ýene-de türkmen gazy bilen gyzyklanýar

Gazgeçiriji, Hazar deňzi, Türkmenistan

Ýewropa Bileleşiginiň ýewropa kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistandan Ýewropa gaz akdyrylmagyny ýola goýmakçy bolýandygyny ÝB-niň Aşgabatdaky wekiline salgylanyp Reuters agentligi habar berýär.

Maglumata görä, Denis Daniilidis Ýewropa Komissiýasynyň Energiýa bileleşigi boýunça ýolbaşçysy Maros Sewkowiçiň, Transhazar gazgeçiriji proýekti boýunça gepleşikleri gaýtadan dikeltmek maksady bilen, Türkmenistana sapar etmekçidigini habar beripdir.

“Türkmen partnýorlarymyz bilen gepleşikleriň netijesinde biz Ýewropanyň bazarlary üçin türkmen gazyny satyn almak isleýän ýewropa kompaniýalarynyň bu işe gatnaşmagyny nädip düzgünleşdirip boljakdygy barada pikirlenmeli diýen netijä geldik diýip, Daniilidis belledi diýip, Reutersyň maglumatynda aýdylýar. Şeýle-de şu aýda onuň türkmen häkimiýetleri bilen Ýewropa her ýylda 10-dan 30 milliard kubometre çenli gaz akdyrmak boýunça “aktiw” gepleşikleriň alnyp barylýandygyny aýdandygy bellenilýär.

TANAP

Türkmenistanyň gazyny Hazar deňziniň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň üstünden Ýewropa akdyrmak boýunça proýektiň yza tesdirilmegine syýasy, ykdysady we ekologiýa bilen bagly meseleleriň sebäp bolýandygy aýdylýar.

Geçen ýyl Türkmenistan bilen Türkiýe Trans-Anadoly gazgeçirijisi (TANAP) arkaly gaz türkmen gazyny Günbatara akdyrmak boýunça çäkli şertnama gol çekişdiler.

Hazar deňzinde Azerbaýjanyň “Şah Deňiz 2” gaz ýatagyndan ugur alyp, Türkiýäniň Gürjüstan bilen serhedinden Bolgariýa bilen aralykdaky serhede, soňra-da Gresiýa çenli çekiljek TANAP gazgeçirijisine goşulmak üçin Türkmenstanyň Orsýet, Gazagystan, Türkmenistan, Eýran we Azerbaýjan bilen arasyndaky dawaly territoriýa bolan Hazar deňziniň düýbünden öz gazgeçirijisini çekmeli boljakdygy Reutersyň maglumatynda bellenilýär.

“Trend” neşiriniň maglumatynda Brýusseliň Ýewropanyň nebit-gaz kompaniýalaryny Transhazar gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça “Türkmengaz” döwlet konserni bilen gepleşiklere taýýarlaýandygy habar berilýär we şu maksat bilen “Hazar ösüş korporasiýasynyň” döredilmeginiň göz öňünde tutulýandygy aýdylýar.

Muňa gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň arasynda “BP”, “Statoil”, “Total”, “RWE” we “Eni” ýaly kompaniýalaryň atlary agzalýar.

Türkmenistanyň mümkinçilikleri

Transhazar gaz geçirijisi Türkmenistanyň gaz söwdasynyň diwersifikasiýasy üçin şu günki gün göz öňünde tutýan esasy ugurlarynyň biridir.

Resmi maglumata görä, Türkmenistan Transhazar we Transowgan gaz geçirijileri arkaly her ýylda 30-33 milliard kubometr gaz akdyrmagy planlaşdyrýar. Eýýäm bar bolan gazgeçirijiler arkaly bolsa Hytaýa 65 milliard kubometr, Eýrana 20 milliard we Orsýete 10 milliard kubometr möçberde gaz akdyrmak planlaşdyrylýar.

Türkmenistanda 2014-nji ýylyň dowamynda 76 milliard kubometr gaz öndürilendigi we gaz eksportynyň 45 milliard kubometrden aşandygy habar berilýär. 2015-nji ýylda Türkmenistan 80 milliard kubometrden köp gaz öndürmegi planlaşdyrýar.

Türkmenistan ähli eksport marşrutlaryny, şol sanda Hytaýa, Orsýete, Eýrana tarap çekilen gazgeçirijileri, şeýle-de “Transowgan” hem “Transkaspiý” gazgeçiriji” proýektleri gaz bilen üpjün etmäge ukyplydygyny aýdýar.