Gazagystanyň Milli howpsuzlyk komiteti daşary ýurtlardaky jeňçi toparlaryň hatarynda 150 çemesi gazagyň söweşýändigini aýdýar.
MHK-nyň başlygynyň orunbasary Nurgaly Bilisbekow 19-njy martda Astanada şol 150 adamdan başga, olaryň 200 çemesi garyndaşynyň, jeňçileriň aýallarynyň, dul galanlaryň, olaryň çagalarynyň hem daşary ýurtdadygyny aýtdy.
Bilisbekow gazak häkimiýetleriniň 2014-nji ýylda daşary ýurtlardaky eksteremist toparlaryň hatarynda söweşmäge gitjek bolan 80 çemesi adamyň öňüni alandyklaryny hem sözüne goşdy.
Ol MHK şu ýylyň başynda Siriýada tälim alan gazak raýatynyň Gazagystanda amala aşyrjak bolan terror hüjüminiň hem öňüni aldy diýdi.
Şeýle-de ol gyrgyz häkimiýetleriniň iki ýurtda terror hüjümlerini planlaşdyran gazak raýatyny tutup, Gazagystana tabşyrandygyny aýtdy.