“Facebook newsroom” websahypasynda berlen maglumatda ýakyn günlerde Facebook ulanyjylarynyň “Messenger” bölüminden birek-biregine pul ugradyp we puly kabul edip biljekdigi habar berilýär.
“Adamlaryň dostlaryna amatly we howpsuz pul ugradyp bilmegi üçin ‘Messenger-de’ täze hyzmaty hödürleýäris” diýip, Facebook bu hyzmatdan häzirlikçe diňe ABŞ-da peýdalanyp boljakdygyny belleýär.
Facebook ulanyjylarynyň arasynda pul geçirmeklik online bank sistemasyna meňzeýär. Bu hyzmaty ulanjak agzalar bank kartlarynyň görkezijilerinden peýdalanmalydyrlar. Bu hyzmatyň prosesi ortaça şeýleräkdir:
Ilki bilen Messengerden dostuňyza pul ugratmaklyk barada ýazýarsyňyz, soňra “$” belgisini goýup, geçirjek puluňyzyň mukdaryny kesgitleýärsiňiz we “Pay”, ýagny “tölemek” düwmesine basyp, tassyklaýarsyňyz. Netijede, bank kartynyň maglumatlaryny hasaba almak bilen puly ugradýarsyňyz.
Maglumata görä, Facebook arkaly ugradylan pul, 1 bilen 3 iş güni aralygynda puly kabul edijiniň bank hasabyna geçýär.
Facebook öz täze maliýe hyzmatyny gelejekde ABŞ-nyň çäginden başga, beýleki ýurtlarda hem hödürlemegi göz öňünde tutýar.