Owganystanyň demirgazygyndaky Garkyn etrabynda ýerli polisiýa – protest mahaly – üç sany etniki türkmeni öldürdi. Wakada ýedi adam hem ýaralanypdyr. Iň soňky gelip gowşan maglumatlarda soňy bilen ýarlananlardan hem biriniň wepat bolandygy aýdylýar.
Garkynyň oba geňeşiniň başlygy Gulam Rasul Karýardaryň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, bu waka 16-njy martda ýüze çykypdyr. Sebitde ýaşaýan etniki türkmenler ýerli häkimiýetiň binasynyň öňünde ýygnanyp, goňşy Türkmenistanyň olaryň öz ýerlerini eýelemegini bes etmegini sorap protest geçiripdirler.
Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şaýymerdanguly Myradynyň bu waka dogrusyndaky maglumatyny diňlemek üçin aşaky düwmä basyň.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar