G.Seýitliýewiň 100 ýyllygyna: Dünýäniň agysy

Gara Seýitliyev, Aşgabatdaky ýer titremesiniň yzysüre, 1948

Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň laureaty (eýesi) Gara Seýitliýew 1915-nji ýylda Bäherden (häzirki Baharly) etrabynyň Garaganobasynda dünýä inýär. Ol ýokary bilmi Azerbaýjan SSR-nde alýar.

Gara Seyitliyew, Frontçy konsert brigadasynyň düzüminde

Onuň Türkmenistanyň aň-bilim edaralarynda zähmet ýoluna başlan döwri Watançylyk urşy ýyllaryna (1941-1945) gabat gelýär. Ol 1942-nji ýylda respublikanyň sungat, edebiýat wekillerinden düzülen konsert brigadasyna goşulyp, söweş meýdanynda-frontda bolupdy.

Konsert brigadasy uruş ýyllary türkmenistanlylardan düzülen harby bölümleriň (83-nji, 89-njy dag-atyjylyk diwiziýalary…) söweş hereketlerine gatnaşýan ýerlerinde bolup, olaryň öňünde çykyş edýärdi.

Söweşiň wagty meýdan aragatnaşygy (telefon) arkaly çykyş edipdirler. “Trubkada şahyr Gara Seýitli” diýen ses ölüm bilen diriligiň arasynda darkaş gidýän ýerde-jeň meýdanynda ençeme gezek ýaňlanypdy.

G.Seýitliýew, ýazyjylar Alekseý Surkow we Berdi Kerbabaýew

Gara Seýitliýewiň döwrüň sesine ses goşýan goşgulary okyjylaryň söýgüsine mynasyp bolupdy. Onuň Güseýin Muhtarow bilen bile ýazan dramalary teatr sahnasynda goylupdy. Ýurduň meşhur kompozitorlary onuň sözlerine 100-den köpräk aýdym döretdi. Ol Türkmenistan SSR-niň Ýazyjylar birleşiginiň başlygy, Medeniýet ministry wezipelerinde işledi. Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetine (mejlisine) deputatlyga saýlandy.

Gara Seýitliýew we Alty Garlyýew maşgalalary bilen.

Şahyr döredijiliginiň gülläp osýän wagty 01.05.1971-de 56 ýaşynyň içinde aradan çykdy.

Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär, dünýäň kitabynda ady bar

​Garaşsyzlyk ýyllary bu meşhur şahyr, kämil şahsyýet gara sanawa düşürildi. Garaşsyzlykdan 20 ýyl ozal aradan çykan şahyryň adresine Saparmyrat Nyýazow we onuň ýaranjaňlary kemsidiji sözleri aýdyp, onuň ruhyny tisgindirdiler. 1971-de Türkmenistanyň medeni-aň bilim tehnikumyna onuň ady dakylypdy. Ol at ýatyryldy. Şahyryň ady dakylan köçäň ykbalam şeýle boldy.

Şahyryň:

Ozaldan
halkymyň adaty şeýle,
Ýürekde
saklaýar öz ezizini—

diýen goşgy setirleri bar. Ol setirler şahyryň hut özüne-de degişli.

Halk:
Halkym!
Gahryman halkym!
Sesime ses ber,
Eliňde ataş,
maňlaýyňda der—

diýip, halkyny söýen şahyryň goşgy setirlerine sesini goşýar, öz ezezini ýüreginde baky saklaýar.

- Amanmyrat Bugaýew, şahyr.

Makalada öňe sürülýän pikirler awtoryň özüne degişli.