Mitinglere rugsat berýän kanun çap edildi

Köpçülikleýin çäre geçirmek üçin ýygnanyşyk

Türkmenistanda bileleşikleri, mitingleri, demonstrasiýalary we beýleki köpçülikleýin çäreleri geçirmek boýunça kanun çap edildi. 28-nji fewralda kabul edilen kanun 2015-nji ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girer.

Resmi maglumatlarda bu kanunyň Türkmenistanyň raýatlarynyň parahatçylylykly ýygnanyşmak, duşuşyklary, mitingleri, demonstrasiýalary we beýleki köpçülikleýin çäreleri geçirmek hukugyny üpjün edýänligi we şeýle çäreler geçirilen wagtynda jemgyýetçilik howpsuzlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilýändigi bellenilýär.

Kanunda köpçülikleýin çäre, miting, demonstrasiýa, köçe ýörişi, piket ýaly ýygnanyşyklaryň nämedigi we haýsy tertipde geçirilmelidigi barada düşündiriş berilýär we olary geçirmek üçin göz öňünde tutulan düzgünnamalar, tertip-düzgünler, şertler, geçirilmeli ýerler kesgitlenilýär.

Şertler we düzgünler

Täze kanuna görä, köpçülikleýin çäreler Türkmenistanyň raýatlarynyň, syýasy partiýalaryň, beýleki jemgyýetçilik we dini guramalaryň inisiatiwasy bilen geçirilip bilinýär. Bu çäreler, şol sanda transport serişdeleriniň ulanylmagynda, duşuşyk, miting, demonstrasiýa, köçe ýörişi, piket görnüşinde ýa-da bu görnüşleriň utgaşdyrylmagynda geçirilýän açyk, parahatçylykly we her bir graždanine elýeterli bolan çärelerdir.

Köpçülikleýin çäräniň maksady pikirleriň açyk beýan edilmegine we formalaşmagyna, şeýle-de ýurduň syýasy, ykdysady, medeni we beýleki durmuşynyň dürli meseleleri we daşary syýasata degişli meseleler boýunça talaplaryň öňe sürülmegine gönükdirilýär diýlip, kanunda aýdylýar.

Türkmenistanda bileleşikleri döretmek, mitingleri, demonstrasiýalary we beýleki köpçülikleýin çäreleri geçirmek boýunça kanunda rugsat berilýän çäreleriň kanunçylygyň esasynda, şol sanda Türkmenistanyň Baş kanunynyň we ýurduň beýleki kanunlarynyň berjaý edilmeginde geçirilmelidigi aýdylýar. Köpçülikleýin çärä meýletin gatnaşmagy, adamlaryň we raýatlaryň hukuklarynyň hem azatlyklarynyň berjaý edilmegi we olara hormat goýulmagy talap edilýär.

Häkimiýetler habarly bolmaly

Köpçülikleýin ýygnanyşyklaryň we çäreleriň guramaçylygyna degişli düzgünlere görä, köpçülikleýin çäräni geçirmek üçin ýerli ýerine ýetiriji organa habar bermeli. Diňe bir adamyň gatnaşmagynda piketleri häkimiýetlerden rugsatsyz geçirmegi kanun rugsat edýär.

Guramaçylar geçiriljek çäräniň maksady, takyk ýeri, başlanjak we gutarjak wagty, gatnaşjak adamlaryň sany, jogapkär adamlaryň atlary, familiýalary, adresleri we telefonlary barada doly maglumat bermäge borçly. Guramaçylar arza bilen häkimiýetlere geçiriljek çäreden minimum 10 we maksimum 15 gün öňünden ýüz tutmaly.

Wagty we ýeri

Kanunda köpçülikleýin çäreleriň häkimiýetler tarapyndan rugsat berlen ýerde we kesgitlenen wagtda geçirilmelidigi aýdylýar. Kanunda ir sagat ýediden agşam sagat ona çenli wagt aralygy göz öňünde tutulýar.

Geçirilmeli ýerlere degişli çäklendirmelere görä, Türkmenistanyň prezidentiniň, Mejlisiň, Ministrler kabinetiniň we tele-radio döwlet organynyň edara jaýlaryndan 200 metrden ýakyn.

ýerde çäre geçirmek gadagan, döwlet dolanyşygyna, diplomatik wekilhanalaryna, harby, kanuny goraýjy edaralara we transport, suw, energiýa, bilim, saglygy saklaýyş ýaly jemgyýetçilik obýektlere 50 metr ýakyn ýerde geçirmek hem gadagan.

Şol bir wagtda-da kanun guramaçylara öz çärelerini, hususan-da, köpçülikleýin habar serişdeleri arkaly, şeýle-de listowkalary ýaýratmak we plakatlary taýýarlamak ýaly hereketler arkaly öňünden agitasiýa etmäge rugsat berýär.

Köpçülikleýin çäre geçirýänler isleg bildirýänlerden kanun esasynda meýletin pul toplamak, öz talaplaryna we raýatlaryň beýleki ýüzlenmelerine gol ýygnamak ýaly hereketleri amala aşyrmaga hem hakly.