Baku sudy žurnalistiň tussaglygyny uzaltdy

Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwdaky sud derňewçi žurnalist we AÝ/AR-nyň hyzmatdaşy Hatyja Ysmaýylowanyň deslapky tussaghanada saklanmak möhletini 24-nji maýa çenli uzaltmaly etdi.

Bu karar 6-njy martda, Bakuwyň Nyzamy etrap sudunyň öňünden planlaşdyrylmadyk seljermesinde kabul edildi.

Azerbaýjanyň döwlet prokuraturasynyň edarasy bu uzaltmanyň zerur bolandygyny, sebäbi soňky aýyplamanyň Azatlyk radiosynyň Azeri gullugynyň 2008-nji ýyldan bäri bikanun işländigini öňe sürýändigini aýtdy.

Azatlyk radiosyna garşy bildirilýän aýyplamalar Ysmaýylowa 13-nji fewralda salgytdan gaçmak, bikanun biznes işleri we derňewçi žurnalistiň wezipesini bikanun peýdalanmak babatda ýöňkelen günälere dahylly bolup görünýär.

Ysmaýylowanyň makalalarynda azeri hökümetiniň ýokary derejeli resmileriniň bozuk işleriniň üsti açylypdy.

Ol 6-njy martdaky sudda özüne garşy bildirilýän aýyplamalaryň galpdygyny we syýasy äheňlidigini aýtdy.

AÝ/AR-nyň baş redaktory Nenad Peýiç AÝ/AR-a garşy aýyplamalaryň, şonuň bilen bir wagtda Hatyja garşy işiň möhletiniň uzaldylmagynyň real esaslarynyň ýokdugyny, azeri häkimiýetlleriniň bu zatlary ýol ugruna toslaýandyklaryny aýtdy.