Owganystanda ýaşaýan etniki türkmenleriň topary Türkmenistanyň ýaragly güýçleri dawaly territoriýany almagy dowam etdirse, onda özleriniň açlyk yglan etjekdigi barada haýbat atdylar. Bu sebitdäki etniki türkmenler gürrüňi gidýän territoriýanyň özlerine degişlidigini öňe sürýärler.
Owganystanyň demirgazygyndaky Garkyn etrabynyň ýaşaýjylary Amyderýada emele gelen “adadaky öz territoriýalaryny türkmen güýçleriniň basyp alýandygyny” aýdýarlar. Amyderýa Owganystanyň we günorta-gündogar Türkmenistanyň arasyndaky serhediň bir bölegi diýip hasaplanylýar.
Bu barada Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady demirgazyk Owganystanyň Jowuzjan welaýatynyň Garkyn etrabynyň arçyny we oba geňeşiniň başlygy Gulamresul Karýedar bilen söhbetdeş boldy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar