Türkmen-owgan serhediniň Owganystan tarapynda ýerleşýän käbir obalaryň howpsuzlyk ýagdaýlary barada ep-esli wagtdan bäri aladaly habarlar gowuşýar. Ýerli çeşmelerden alnan maglumatlara görä, “Talyban” we “Yslam döwleti” ýaly dürli söweşiji toparlar regionda barha aktiwleşýär.
Söweşijileriň täsiri güýçli bolan şol obalardan käbirleri bolsa göni Türkmenistan bilen serhetleşýär. Demirgazyk Owganystanda söweşijilere garşy göreşýän ýerli ýarym resmi ýaragly toparyň ýolbaşçysy Boby Kommandir, soňky ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahira gürrüň berdi.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar