Türkmen görnüşleri - 9-njy hepde
Aşgabadyň Magtymguly köçesiniň ugrundaky kafeleriň birinde müşderileri garşylamak üçin goýlan aşpez heýkeli.
Aşgabatdaky ýaşaýyş jaýlaryň biriniň diwaryndan aýrylan çanak antenna. Soňky hepdelerde paýtagtda ýaşaýyş jaýlaryň diwaryndaky çanak antennalaryň aýrylyp, ýerine kabel telewideniýe diýlip atlandyrylýan TürkmenTelekom kompaniýasynyň hyzmatynyň hödürlenýändigi aýdylýar.
“Aşgabat şäher Ýaşaýyş jaý ulanyş birleşigi” atly edaranyň ýörite ýazgyly eşigindäki işçi.
Paýtagtyň köçeleriniň birindäki gara reňkdäki awtoulag. Türkmenistanda gara reňkli awtoulaglaryň eýeleri maşynlaryny tehniki gözegçilikden geçirmekde kynçylyk çekip başlandygy habar berilýär. Gara maşynlary başga reňke boýamak ugrunda aladalaryň hem köpelendigi aýdylýar.
Aşgabatda mekdepden gaýdyp barýan okuwçy gyz.
Paýtagt Aşgabadyň Parahat 2 mikroraýonynda köp gatly ýaşaýyş jaýlaryň kabirlerinde jaýyň daşyny abatlamak işleri dowam edýär. Aşgabadyň merkezinde köpgatly ýaşaýyş jaýlaryň onlarçasynyň daşyny bir wagtda mermere meňzeş ak material bilen bezemek boýunça işleriň başlanmagyna bir ýyl çemesi wagt boldy. Şol bir wagtyň özünde Parahat 2/2, Parahat 2/1 we Parahat 1 mikroraýonlaryna degişli we Oguzhan köçesi bilen Atamyrat Nyýazow köçesiniň arasynda ýerleşýän 30 çemesi jaý henizem rekonstruksiýa ýagdaýynda galýar, emma bu ýerde 4-5 aý bäri bejeriş işleriniň göze ilmeýändigi habar berilýär
Aşgabadyň awtobus duralgasynda uklap ýatan bir serhoş adam.