Täjigistan: Rus ofiseri tussag edildi

Täjigistanda taksi sürüjisine hüjüm etmekde we onuň ulagyny ogurlamakda güman edilýän orsýetli ofiser tussag edildi.

Täjik paýtagty Duşenbäniň polisiýasynyň 19-njy fewralda Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, Russiýanyň Duşenbäniň golaýyndaky harby bazasynda işleýän leýtenant Denis Borisenko 24-nji ýanwarda ýerli taksi sürüjisi Dilşod Huşowy agyr urup-ýençmekde güman edilýär.

Täjik derňewçileri Borisenkonyň Huşowa hüjüm edip, soňra onuň ulagyny alyp giden mahaly, onuň içgilidigini aýdýar. Borisenkonyň sürýän ulagy başga bir ulag bilen çaknyşan mahaly, ol wakanyň bolan ýerinde tussag edilýär.

Täjigistanda awgust aýynda iki taksi sürüjisini öldürmekde aýyplanýan iki rus ofiseri özleriniň sud edilmegine garaşýarlar.

Täjigistanyň aýry-aýrylykdaky üç sebitinde takmynan 7 müň rus esgeri işleýär.