16-njy fewralda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Baýdak baýramy mynasybetli käbir tussaglaryň günäsini geçmek baradaky permana gol goýdy.
Prezident Berdimuhamedow welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, şeýle hem beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça ähli çäreleri görmegi tabşyrdy, diýlip resmi metbugatda habar berilýär.
Şol bir wagtyň özünde günäsi geçiljek tussaglaryň sany barada resmi taýdan henize çenli hiç hili maglumat berilmeýär.
Eýsem, türmeden boşadylan bir tussag durmuşyň islendik ugrunda, şol sanda işe ýerleşmek meselesinde beýleki raýatlardan tapawutlylykda nähili tejribeleri başdan geçirýär?
Azatlyk Radiosy bu mesele bilen gyzyklanyp, aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligi aşakdaky düwmä basyp diňläp bilersiňiz.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar