ABŞ: Ýewreýleriň guramasy Azerbaýjany goldaýar

Bakuwyň merkezinde ýerleşýän sinagogada dini kitap okaýan adam, 2011

Azerbaýjan adam hukuklary meselesinde halkara derejesinde tankyt edilýärkä, ABŞ-da ýerleşýän ýewreý guramalary Bakuwa öz goldawyny tassyklaýarlar.

Azerbaýjan Waşingtonda öz adyndan hereket edýän Ysraýylyň tarapyny tutýan toparlar bilen gatnaşyklaryna uzak wagt bäri buýsanyp gelýär. Gatnaşyklar Tel-Awiwiň özüni musulman dünýäsinde özüni ýewreýleriň penasy hökmünde häsiýetlendirýän öňki sowet respublikasy bolan Azerbaýjan bilen özara düşünişmek hereketlerinden ugur alýar.

Azerbaýjanyň adam hukuklary bilen bagly ýagdaýy halkara derejesinde tankyt edilýärkä, ABŞ-da ýerleşýän ýewreý guramalary Bakuwa goldaw bermek meselesinde berk durýarlar we oňa Ysraýyla duşmançylykly garaýan hökümetleriň agdyklyk edýän regionynda durnuklylygyň binýady hökmünde seredýärler.

Bakudaky ikiçäk duşuşyk

“Biziň garaýşymyz anyk we durnukly: Azerbaýjan ABŞ-nyň we Günbataryň möhüm strategik partnýory hem-de Ysraýylyň we ýewreý halkynyň gymmatly dostudyr” diýlip, Amerikan ýewreýleriniň komitetiniň (AJC) ýerine ýetiriji müdiri Dawid Harris geçen hepdede Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew bilen Bakuwda geçiren duşuşygynyň yz ýany aýtdy.

2-nji fewraldaky 75 minutlyk bu ikiçäk duşuşygyň netijesinde Waşingtonda jemgyýetçilik çäreleriniň ençemesi geçirildi we Bakuwyň öz ýewreý ilatyna gujak açyp, Ysraýyl bilen strategik gatnaşyklaryny ösdürýändigi nygtaldy.

Bu tagallalar nebite baý Azerbaýjanyň ABŞ bilen möhüm meseleler, şol sanda energetika, terrorçylyga garşy göreş we Ukrainanyň Krym ýarymadasynyň 2014-nji ýylda Orsýet tarapyndan basylyp alynmagy ýaly meseleler boýunça wajyp we strategik partnýory hökmünde öz abraýyny goldamak üçin amala aşyrýan çäreleriniň bölegidir.

Şol bir wagtda-da günbatar resmileri Azerbaýjanda adam hukuklary bilen bagly ýagdaýyň çürt-kesik ýaramazlaşandygyna ünsi çekýärler. Azerbaýjanda geçen ýylyň dowamynda adam hukuklaryny goraýjylaryň, žurnalistleriň we hökümeti tankytlaýanlaryň ençemesi tussag edildi.

Azerbaýjanyň parlamentiniň halkara gatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygy Samed Seidow hökümetiň adam hukuklaryny depelemegi barada berlen sowallara jogap berende, öz ýurdunyň iudaizme we beýleki dinlere dostlukly çemeleşýändigini belledi.

‘Beýleki ýurtlar üçin nusga’

Azerbaýjanyň ýewreý ilatynyň sany, ýurduň 2009-njy ýylda geçirilen ilat ýazuwyna görä, 9 000 çemesi adamdan ybarat. Beýleki sanlarda 30 000 çemesi diýen çaklamalar öňe sürülýär. 9 million ilatly Azerbeýjanda sinagogalaryň hem ençemesi bar.

Azerbaýjan ABŞ-da ýerleşýän ýewreý guramalaryny Waşingtonda öz bähbitlerini öňe sürmekde gural hökmünde ulanýandygyny hiç wagtda ýaşyrmandy. Bakuwyň 1990-njy ýyllardan bäri Tel-Awiw bilen ösdürýän gatnaşyklary Eýranyň regiondaky täsirini ýaýbaňlandyrmagyna deňagramlylyk döretmek boýunça hereket hökmünde seredilýär.