Kakaňyzyň ölen wagty boldumy?

Türk ýazyjysy Elif Şafak

"Meniň kakam iki gezek öldi..."

"Çagalykda, soňam ýetginjeklik ýyllarymda hemişe kakamy gözleýärdim. Meni ýatlamagyny, görmäge gelmegini, öýüne çagyrmagyny, doglan günümde hem sowgat bermegini isleýärdim. Ýöne beýle bolmady..."

Çagaka ene-atasy aýrylyşan, enesiniň we mamasynyň elinde ulalan tanymal türk zenan ýazyjysy Elif Şafak golaýda öz kakasy bilen bolan aragatnaşygyny beýan edýän ýatlamasyny ýazypdyr.

Onuň kakasy sosial psihologiýa ugrundan tanymal hünärmen, Egeý uniwersitetiniň professory Nury Bilgin şu ýylyň 4-nji fewralyndada ýüreginden tutup, aradan çykypdyr.

Çagalygym kakama garaşmaklyk bilen geçdi..

Soňky bir ýylyň dowamynda aramyzda täze bir aragatnaşyk köprüsini gurmagy başardyk. Ol ”asma köpri” bolansoň, sähelçe şemal öwüsse, yrgyldar durardy.

Kämahal ýekeje nädogry söz ýa-da düşünişmezlik biziň aramyzdaky gatnaşyk köprüsiniň yranmaklygy üçin ýeterlik bolýardy.

Her halda, iň bärkisi hatda şeýle ”asma köpriniň” bolmagy-da, geljekde bir gün birek-birege has gowy düşünip biljekdigimize umyt berýärdi, belki-de muňa mümkinçilik döredip biljekdi. Men bu gün şol mümkinçiligi ýitirdim.

Kakam bilen bile düşen suratymyz ýok ýa-da men uzak ýyllap şeýle pikir edýärdim. Soň günlerde bir gün, niredendir bilemok, elime bir köne surat düşdi. Çagalykda düşen suratym. Fransiýadaky günlerim. Doglan şäherim Strasburg.

Ýaş, uzyn boýly, buýra saçly, diýseň gelşikli bir adam. 1970-nji ýyllaryň ýörgünli geýnüw modasyna görä agymtyl bokurdakly bir džemper geýipdir. Gujagynda bir bäbek otyr. Balkonda olaryň diňe ikisi. Olaryň ýüzüniň ýarpysyna günüň şöhlesi düşüpdir. Aşakda boşluk bar we aşakda howa sowuk...

Ol suraty soňra gaýdyp tapyp bilmedim. Hiç kimden soramanym sebäpli hiç wagt anygyna-da ýetip bilmedim. Dogrudanam, bu hakykatmydy? Ýa-da düýşmüdi? Bar bilýänim, kakam bilen bolan gatnaşygymyň mazmunydy ol - düşnüksiz boşluk. Bir görseň, bar ýaly, bir görseň-de - ýok...

Kiçiligimde durmuşymda ene-atamyň aýrylyşandygy mende bir kynçylyk döretmändi. Kakamyň ikinji gezek öýlenmegine hem oňaýsyz ýagdaý hökmünde garamandym. Men hiç hili nädogry garaýyş bilen ösdürilmedim. Mamam "Durmuş gurmaklyk ýaly aýrylyşmak hem bu durmuşyň adaty ýagdaýy, balam" diýerdi we muňa ynandym.

Kakamyň ýene iki oglunyň bardygyny soň bilip galdym we olary tanaman ulaldym. Olar bilen bilelikde ulalmaklygy islärdim, elbetde. Olar meniň jigim, menem olaryň uýasy bolardym. Ýöne beýle bolmady.

Dogrusyny aýtsam, hakykatdanam çagalygymda we ýaş gyzkam, hemişe kakama garaşdym. Hemişe meni ýatlamagyny, görmäge gelmegini, öýüne çagyrmagyny, doglan günümde hem sowgat bermegini isledim. Ýöne beýle bolmady.

Şeýlelikde liseýi gutardym, uniwersitetde okamaga başladym. Ýakyn Gündogar tehniki üniwersiteti ODTU-da okaýan ýyllarym meniň duýgylarymda hem "garaşmaklyk pasly" gutaryp, onuň deregine "öýke-kine pasly" başlandy. Meniň içerki dünýämde apy-tupan turýardy, edil ekinleri ýatyrýan gara tüweleý ýaly. Ýigrimi ýaşlarymda kakama hemişe gaharlydym. "Ýekirlen çaga" ýagdaýyndan bizar bolupdym. Unudylandygyma ynandym we indi özüm hakda oýlanmalydym. Meniň içerki dünýämde gopýan harasat, edil beýleki gozgalaňlar ýaly, elhenç hem sarsgynlydy... Ondan sorajak sowallarym bardy. Aragatnaşyga geçdim. Telefon etdim, birentek hat ýazdym, sowal berdim, ony soraga tutdum. Alan jogaplaryma ne ýüregim kaýyl boldy ne-de aňym. Men kakama "Söýgi" diýdim, ol bolsa maňa kitaplar, edebiýat barada gürrüň berdi. "Sançesiň çagalary", "Raşomon", "Senekanyň hatlary"...

Men oňa "Hasrat" diýdim, ol bolsa maňa pelsepeden gürrüň açdy. Hasam beter gaharlandym. Belki-de, meniň hem kitaplary, edebiýat we pelsepäni gaty halaýandygym üçin, ol şolaryň üsti bilen maňa jogap bermäge, öz ýagdaýyny düşündirmäge synanyşandyr.

Belki-de, käbirimiz ýaly, ol hem intellektuallyk hem teoriýa taýdan kämilleşen, ýöne hususy durmuşynda we duýgularynda käýarym saldamly, käýarym hem çaga ýalydy. Muňa şol wagt düşünip bilmedim. Bar islegim onuň maňa söýgüden, ýagny ata mährinden söz açmaklygydy.

Şol ýekeje fotosurat

Şeýlelikde ol "pasyl" hem sowuldy. Ahyrynda öz öýke-kinämden ýadadym. Ýagdaýy edil bolşy ýaly kabul etdim. Yza çekildim. Bu gezek kakam has köp görüşmäge ürç etdi we ol has köp synanyşdy. Emma meniň ruhy ýagdaýym öňküsinden üýtgäpdi. Ahyrynda kakam hem synanyşyklaryndan ýadap, yza çekildi.

Şol bir sazy deň duýmaýandyklary üçin sazlaşykly tans edip bilmeýän çatynjalara meňzeýärdik. Men çepe öwrülsem, kakam saga gönükýärdi. Ol bir tarapa hyýallananda, men başga ugra gidýärdim. Näçe synanyşsagam bir perdeden gopup bilmedik. Eýse, adamlar hem edil sagat ýaly ekeni. Iki adamyň ylalaşmagy, ýaraşmagy we düşünişmegi üçin sazlaşykly duýgularyň hem synanyşyklaryň bir perdeden gopmaklygy zerur ekeni.

Geçen ýyl professor Erdal Ýawuzdan dostlukly we gaty sypaýyçylykly bir habar aldym. Ýatlamalary küýsäp, köneleri dörüşdiren mahaly Strasburgdaky öýde bir täze ýyl oturylyşygynda düşürilen bir fotosuraty tapandygyny bildirdi. Şeýlelikde onuň goldamaklygynda kakam bilen bile düşen bir fotosuratym peýda boldy. Studentlik ýagdaýlary, çepçiler, sosial-demokratlar, stoluň üstünde bulgurlar, adamlaryň ýüzünde umyt we ýagtylyk... Kakam, ýylgyryp, fotokamera seredýär. Menem onuň gujagynda, ýaňy dünýä inen bäbek, oňa seredýärin...

Bu durmuşda hiç kim birkemsiz däl. Iň başarjaň işewürler, iň güýçli syýasatçylar, iň meşhur sungat işgärleri ýa-da alymlar bolsun, tapawudy ýok... Daşyndan synlan mahalyň parasatly, akylly, bilimli görünýänleriň hem görünmeýän bir "garamtyl kölegesi" bar. Balkona düşýän gün şöhleleriniň hemişe - hiç haçan ýetip bilmeýän bir garaňky, ykyş künjegi hem bolýar ahyryn.

Belki, bir kölegedim

Kakam ýönekeý bir adam däldi. Tanymal mugallym, ýagşy ýanýoldaş, ösen düşünjeli sosial-demokrat, ökde alym we, gürrüňsiz, ençe ýyl soň tanşan enebaşga oglan doganlaryma hem gowy kaka bolupdy. Men onuň şeýle öwüşginli we bagtly durmuş ýolunda bir garamtyl kölegedim. Owadan halynyň güýe iýen ýeri ýaly... Bütewüligi bozýan, görksüzlik berýän bir aýratynlyk. Aýyň garaňkyda galýan tarapy. Doganlarym gün şöhlesine çoýunyp ulaldy, men bolsa kölegede boý aldym. Olara mylaýym sözler nesip etdi, maňa bolsa ümsümlik. Bu ýagdaý maňa şeýle çuňňur täsir edenem bolsa, elbetde uzagyndan meniň ýazyjylygyma, sözlerime we eserlerimiň ylham çeşmesiniň baýlygyna ullakan goşant goşdy. Men kitaplarymda hemişe boş ýerleri doldurmak, garamtyl kölegeleri ýagtyltmak isledim...

Kakam, Türkiýäniň dünýä belli az sanly sosial psihologlarynyň biridi. Intelligent, tejribeli, öňdebaryjy adamdy. Ol, jemgyýetden adama gönükmeklik arkaly jemgyýetleriň psihologiýasyna çuňňur aralaşmaga synanyşýardy, men bolsam adamdan jemgyýete ugur alyp, hüý-häsiýet seljermeklik hünärmenligini saýladym. Ýollarymyz şonuň üçinem gabatlaşmady. Birgiden kitap, söz, teoriýa, tejribe biziň birek-birege düşünmegimiz üçin ýeterlik bolmady.

Meniň oňa has gowy düşünmekligim üçin, belki-de enelik duýgusyna eýe bolmaklygym gerekdi. Ol hem, maňa öz içki dünýäsini zerur derejede açyp bilmek üçin, belki-de, agtyk görmelidi, şoňa mätäçdi. Meniň bilen gurup bilmedik aragatnaşygyny agtyklary bilen ýola goýdy. Men hem bu gatnaşygy ýürekden goldadym. Maňa aýdyp bilmediklerini olara pyşyrdap aýtdy. Meniň pikirimçe, Türkiýede atalyk wezipesi hut şeýle bolýan ýaly. Aslynda Türkiýede çagalary bilen alşyp bilmedik ene-ata söýgüsini, mährini agtyklary bilen alyşýan atalar köp.

Süreýýa dogry aýdan eken

Başdan geçirenlerimiz we ýaşap bilmediklerimiz hiç kimiň günäsi däldi ýa-da munda her kimiň belli bir derejede hatasy bardy. Ýöne indi munuň ullakan bir ähmiýeti ýok.

Kakamyň maňa iberen iň soňky elektronik hatlarynyň birinde mysal getiren, rimli ozan Terentius aýtmyşlaýyn, "Menem adam we adama degişli zatlaryň hiç biri maňa-da ýat däl”.

Soňky bir ýylyň dowamynda aramyzda täze bir aragatnaşyk köprüsini gurmak başarypdyk. Ol köpri daşdanam däl, agaçdanam... Biziňki ”asma köprüdi. Sähelçe şemala yrgyldar durardy. Kämahal birje nädogry söz ýa-da birje düşünişmezlik onuň hallan atmagy üçin ýeterlikdi. Şonda-da bu ýokdan gowudy, ol aragatnaşyk köprüsidi. Has ýygjam hat alyşmaga başladyk. Sözleriň üsti bilen ysnyşdyk. Ikimizem öz içki dünýämizde pyntyk ýaran ol söýgi mährinden serhoş bolup, bagtyýardyk. Ol ”asma köpriniň bolmagy, günlerden bir gün geljekde birek-birege has gowy düşünmekligimize umyt we mümkinçilik döredýärdi.

Ýöne men bu gün şol mümkinçiligi ýitirdim. Kakamyň ölendigi baradaky şum habar maňa Portugaliýadaky ýagyşly günortanyň yz ýanyndan gelip gowuşdy.

Jemal Süreýýa "Siziň kakaňyzyň ölen wagty boldumy? Meniň kakam bir gezek öldi" diýipdi. Meniň kakam bolsa iki gezek öldi. Birinji gezek ol – ýokka, öňki döwürde, ikinji gezegem, ynha, şu wagt, ýagny ençe ýyl soň birek-birege ýaňy ysnyşyp başlanymyzda, birden, tarpa-taýyn... Hawa, şahyr dogry aýdan eken. Dogrudanam, kör boldum.