Lebap welaýatynyň käbir etraplarynda döwlet býujetinden aýlyk alýan işgärlerden agaç nahalyny oturtmak üçin takmynan 8-10 manat pul ýygnalýandygy habar berilýär. Bu döwlet tarapyndan alnyp barylýan kampaniýalar ýa-da çäreler üçin hökümet işgärlerinden tutulýan tutumlaryň diňe biridir.
Eýsem, döwlet býujetinden aýlyk alýan işgärleriň, hususanda mugallymlaryň aýlyk haklaryndan ýylyň dowamynda nämeler üçin tutumlar tutulyp galynýar?
Bu soraga Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy Osman Hallyýew öz taýýarlan maglumatynda jogap berýär. Maglumaty aşakdaky düwmä basyp diňläp bilersiňiz.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar