Deri we ýüň ýygnamak karar edildi

Prezident Berdimuhamedow çopan goşunda.

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň anna güni geçirilen nobatdaky mejlisinde ykdysady meseleler, hususan-da deriniň we ýüňüň işlenip taýýarlanmagy, çykdajylary azaltmak we önümçiligi giňeltmek ugrunda görülýän çäreler barada gürrüň edildi.

Deriniň, gönüň we ýüňüň daşarky bazarlarda ýerlenmegini düzgünleşdirmek üçin Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ilatdan deri we ýüň önümlerini çig mal görnüşinde ýygnap almaga hem-de satmaga ygtyýar bermek teklip edilýär.

Mälim bolşy ýaly, prezident Berdimuhamedow mundan öňki Ministrler kabinetiniň mejlisinde, dünýäde nebit-gazyň bahasynyň peselmegi netijesinde dörän kynçylyklar bilen baglylykda, daşary ýurtlara çykarylýan türkmen önümleriniň köpeldilmegini, döwlet gaznasyna gelýän girdejileriň artdyrylmagyny teklip edipdi.

Şeýle-de ol, çykdajylary azaltmak maksady bilen, ýurtda gurulmaly edilen binalaryň we desgalaryň sanawyna hökman gaýtadan seredilmelidigini, ykdysadyýeti diwersifikasiýa etmäge köp üns bermelidigini aýdypdy.

Döwlet baştutanynyň serişdeleri tygşytlamak baradaky tabşyrygynyň çäginde, Aşgabatdaky «Abadan» nah egirme fabrigini Aşgabat Dokma toplumynyň düzümine goşmak teklip edilýär.

Prezident Berdimuhamedow mejlisde eden çykyşynda maldarçylyk önümlerini öndürmekde we gaýtadan işlemekde telekeçileriň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagyň möhümdigini nygtapdyr. Emma telekeçileriň iş şertlerini gowulandyrmak, olaryň öňünde bar diýilýän emeli päsgelçilikleri azaltmak, ýurtda önümçiligiň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin anyk nähili işleriň edilmelidigi aýdylmaýar.

Goýun-geçi derisi taşlanýar

Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy Osman Hallyýewiň ýerli maldarlara, telekeçilere salgylanyp berýän maglumatyna görä, Lebapda deriniň we ýüňüň bahasy gaty arzan bolansoň, mal eýeleri soýan mallarynyň derisini, goýun-geçi bolsa, tabşyrjak hem bolmaýarlar. Emma gara mallaryň derisiniň tabşyrylýandygy aýdylýar.

Osman Hallyýew garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda Garabekewül etrabynda derini we ýüňi gaýtadan işleýän kärhanany açmak synanyşygynyň bolandygyny, obalara aýlanyp, deri hem toplanandygyny, emma soň bu işiň ýatyp galandygyny, şondan bäri welaýatda, Garaköl zawodyndan başga, beýle kärhananyň ýok diýen ýalydygyny aýdýar.

Pisse, aýna we gurluşyklar

Ministrler kabinetiniň mejlisinde, ykdysadyýeti diwersifikasiýa etmek planlarynyň çäginde, Ahal welaýatynyň «Altyn asyr» etrabynda pisse agaçlaryny ösdürip ýetişdirmek üçin Azyk senagaty döwlet birleşigine bölünip berilmekçi bolunýan 100 gektar ýeriň çyzgysy, ol ýerde ekiljek pisse agaçlarynyň görnüşleri barada hem maslahat edildi.

Mundan başga, Ahal welaýatynyň Derweze etrabynyň «Owadandepe» obasynda aýna we aýna önümlerini öndürýän kärhanany gurmak barada edilýän işleriň hem gürrüňi edilipdir.

Prezident Berdimuhamedow hem Ministrler kabinetiniň geçen maslahatynda gurulmaly binalaryň sanawyna gaýtadan seretmelidigini belledi. Emma ol anna güni geçirilen mejlisde "Türkmengaz" döwlet konsernine Gazy gaýtadan işleýşiş müdirliginiň edara binasynyň taslamasyny düzmek we gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berdi.

Eger ýatlatsak, prezident Berdimuhamedow şu hepde paýtagtyň şäher häkimliginde Aşgabadyň 2015-2016-nji ýyllardaky ösüş konsepsiýasy barada hem maslahat geçirdi. Resmi metbugatda habar berilmegine görä, paýtagtda häzir Türkmenistanyň prezidentiniň tassyklamagy bilen 60-dan gowrak bina we desga gurulýar.