BMG-niň Çagalaryň hukuklary boýunça kömiteti Türkmenistanda çagalaryň hukuklarynyň depelenmegine degişli birnäçe ýagdaýa, şol sanda milli azlyklaryň öz dilinde bilim almak mümkinçiliginiň ýokdugyna aladalanma bildirdi.
Komitetiň ýakyn günlerde ýaýradan hasabatynda 13-14-nji ýanwarda Ženewada Türkmenistandaky ýagdaýa seredilip, geçirilen maslahatynyň jemleri boýunça maglumat berilýär.
Azatlyk Raidosyndan Muhammad Tahir BMG-niň çagalaryň hukuklary boýunça komitetiniň Türkmenistanyň çagalaryň hukuklaryny berjaý edişine beren bahasy barada komitetiň Türkmenistan boýunça hasabatçysy Olga Khazowa Abilen gürrüň etdi.
Azatlyk Radiosy: Hanym Olga, geliň, söhbetimize ýygnagyň hem-de ýygnagyň netijeleri barada 4-nji fewralda ýaýradan raportyňyzyň esasy maddalary baradaky gürrüňden başlalyň?
Olga Khazowa: Men iň soňundan başlamak isleýärin… Bu örän konstruktiw gepleşik boldy, netijede: biz - esasy problemalara göz ýetirdik, türkmen delegasiýasy hem - bar bolan boşluklara göz ýetirdi. Biz şol problemalaryň çözgüdi ugrunda iş alnyp baryljakdygyna umyt edýäris.
Esasy meseleler babatda gürrüň edilende, ilkinji agzalmaly problema - çagalaryň hukugy barada gürrüň edilen temalaryň hiç biri boýunça takyk sanlaryň ýokdugy ýa-da takyklygyň gaty azdygy bilen bagly. Onsoň problemalar boýunça jikme-jik gürrüň etmek gaty kyndy, sebäbi biz şol problemalaryň derejesine göz ýetirip bilemzok.
Türkmen delegasiýasy ýurtda bu ugurdan iş alnyp barylýandygyny aýtdy, olar halkara derejede ykrar edilen degişli mehanizmi Türkmenistanda işe girizmäge synanyşýandyklaryny, emma bu işiň wagt talap edýändigini aýtdylar.
Ikinji problema, Konwensiýanyň çagalar baradaky maddalary hakda gürüň edilende, henize çenli onuň maddalaryny iş ýüzünde amala aşyrmak barada hiç hili hereket planynyň ýokdugy bilen bagly. Resmilerden soralanda, olar bu planyň ýakynda taýyn boljakdygyny aýtdylar. Olar ony durmuşa geçirmek işini Ženewada bolan şu gepleşikleriň netijelerine garaşýandyklary sebäpli, yza süýşürendiklerini nygtadylar.
Biz şol planyň çalt kabul ediljegine we bu maslahatyň teklipleriniň hem şoňa giriziljegine umyt bildirýäris.
Azatlyk Radiosy: Hereket planynyň ýokdugyny aýtdyňyz, şol plana näme girýär? Has düşnükliräk maglumat beräýseňiz?
Olga Khazowa: Konwensiýanyň maddalarynyň ählisini durmuşa geçirmek üçin tutuş ýurtda nähili iş alnyp barylmalydygynyň milli plany bolmaly. Ýagny, şol plan [Çagalaryň hukuklary boýunça] konwensiýanyň ähli maddalarynyň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna gözegçilik etmeli we jogap bermeli.
Şol plan, magaryf, saglyk, sud sistemasyna elýeterlilik, ene-atalaryň arasynda ylalaşmazlyk dörände, çagalaryň hak-hukugy meselesinde bu ýagdaýda suduň oýnaýan roly – bularyň ählisi çagalaryň hak-hukuklary bilen gös-göni bagly meseleler.
Azatlyk Radiosy: Raportyňyzyň bir böleginde çagalaryň hak-hukuklary depgilenende, olary barlaýan mehanizm ýok diýýärsiňiz, çagalaryň hak-hukuklarynyň depgilenmegi diýeniňizde, siz nämeleri göz öňünde tutýarsyňyz?
Olga Khazowa: Çagalary ýençmekligiň - ýurtda olara jeza bermegiň bir guraly hökmünde ulanylýandygy barada maglumatlar bar. Çagalardan maglumat almak üçin hem [urmak arkaly jezalandyrmak] ýaly hereketlere baş goşulýandygy hakda maglumatlar gelip gowuşýar.
Elbetde, Türkmenistanyň gynamalara garşy kanuny bar, şol kanun Konwensiýanyň bu ugurdaky maddalaryna hem gabat gelýär. Emma, muňa garamazdan, ýokarda gürrüňi edilen şonuň ýaly çaga gynamalarynyň durmuşda bolýandygy hakda maglumatlar bar.
Has umumyrak gürrüň etsek çagalary gynamaklygyň dürli görnüşlerini agzap bileris. Munuň dürli ýerlerde we ýagdaýlarda ýüze çykýan bolmagy mümkin, meselem mekdeplerde.
Ilki bilen şol gynamalary barlaýan bir mehanizm bolmaly. Şu günki gün ony barlamak we onuň derejesine baha bermek gaty kyn, sebäbi hiç hili statistika ýok. Emma şol bir wagtyň özünde-de çagalaryň hak-hukuklarynyň bozulýan we olaryň dürli görnüşdäki gynamalara duçar bolýan halatlarynyň bardygy hakda bize maglumatlar gowuşýar.
Şonuň ýaly ýagdaýlara doly baha bermek üçin garaşsyz mihanizm ýok. Elbetde ýurtda adam hukuklary we demokratiýa boýunça instituty diýen bir gurama bar, ol prezident edarasynyň howandarlygynda iş alyp barýar, ýagny ol garaşsyz däl.
Haçan-da men özbaşdak gurama diýenimde, dolulygyna garaşsyz guramany göz öňünde tutýaryn. Ýagny, ol hiç bir resmi edara degişli bolmaly däl, bu barada guruljak garaşsyz guramanyň çagalaryň we olara wekilçilik edýän adamlaryň şikaýatlaryny diňlemäge we degişli çäreleri görmäge hukugy bolmaly.
Galyberse-de, gynamalara duçar bolan çagalaryň şikaýat edip biljek we eden şol şikaýaty üçin olaryň gynamalara duçar bolmagynyň öňüni aljak [işjeň] mehanizm hem bolmaly.
Azatlyk Radiosy: Siz gynamalara duçar bolan çagalaryň arza bilen ýüz tutup biljek edarasynyň bolmagynyň zerurdygyny aýdýarsyňyz. Gynamalara duçar bolan çaga diýeniňizde, nähili gynamalar göz öňünde tutulýar?
Olga Khazowa: Gynamalar diýenimizde, onuň ähli görnüşlerini göz öňünde tutýarys. Bu olaryň ruhy gynamalara duçar edilmegi, çagalaryň urlup-ýenjilmegi, jynsy zorluga duçar bolmagy ýaly ýagdaýlar bolup biler, ýagny gynamalaryň ähli görnüşi göz öňünde tutulýar.
Elbetde, Komitetiň bu ugurda işläp düzen umumy bir sanawy bar, ýöne gynamalaryň ähli görnüşlerini bir sanawa jemlemek kyn, sebäbi ol gaty giň tema.