Liderler Ukrainada parahatçylyga çagyrýar

NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg ýaranlygyň gündogar ganatynyň güýçlendirilmegi babatdaky çäreler Orsýetiň agressiýasyna jogap diýdi.

Fransuz prezidenti Fransua Ollande we german kansleri Angela Merkel gündogar Ukrainada parahatçylyga itergi bermek üçin Kiýewe we Moskwa ugraýar.

Hollande Parižde guralan metbugat ýygnagynda özüniň Merkel bilen 5-nji fewralda ukrain prezidenti Petro Poroşenko, 6-njy fewralda rus prezidenti Wladimir Putin bilen boljak duşuşyklarda konflikti togtatmak üçin täze teklip etjegini aýtdy.

5-nji fewralda Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri hem Kiýewe geldi.

NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg 5-nji fewralda ýaranlygyň gündogar ganatynyň güýçlendirilmegi babatdaky çäreler Orsýetiň agressiýasyna jogap diýdi we Moskwany gündogar Ukrainadaky separatistleri goldamagy bes etmäge, şeýle-de olara sentýabrda baglaşylan yrga ýaraşygyň şertlerini berjaý etmekleri üçin basyş görkezmäge çagyrdy.

Stoltenberg Brýusselde, NATO-nyň goranmak ministrleriniň duşuşygyndan öň çykyp gürledi. Bu ýygnakda kiçi komanda merkezleri setini döretmek, «naýzabaşy» goşunyny düzmek we onuň korpus derejesindäki baş ştablaryny günbatar Polşada ýerleşdirmek barada maslahat edilmegine garaşylýar. Bu merkezler Orsýetden islendik howp abanan pursatynda regiona gyssagly arka durmaga taýyn bolmaly.

"Biz täze inisiatiwa goşunynyň möçberi we düzümi, onuň birnäçe gün içinde gerekli ýerine ýerleşdirilmek kepilligi barada karara geleris. Biz özümiziň NATO-daky gaýtawul beriji güýçlerimizi hem berkideris we gündogardaky ýaran ýurtlarymyzyň altysynda komanda we kontrol birikmelerini döretmek barada karara geleris" diýip, Stoltenberg žurnalistlere aýtdy.

Ol bu çäreleriň Orsýetiň halkara kanunçylygyny bozup, mart aýynda Krym regionyna goşun ýerleşdirip, referendum gurnap, Ukrainanyň Gara deňiz ýarymadasyny anneksiýa etmegi bilen bagly agressiw hereketlerine garşy görülýän çäredigini, Kiýewiň we Günbataryň bu referendumy bikanun hasaplaýandygyny aýtdy.

Stoltenberg NATO bilen Orsýetiň arasyndaky praktiki hyzmatdaşlyklaryň ählisiniň togtadylan bolmagynda galýandygyny, Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen 6-8-nji fewralda, Mýunhendäki howpsuzlyk konferensiýasyna bellenen duşuşygyň bolsa «syýasy dialog kanallaryny» açyk saklamak tagallasynyň bir bölegi boljakdygyny aýtdy.

Kiýew bilen ýaranlyk Orsýeti gozgalaňçylary goldamakda, olara tälim we ýarag bermekde, Ukrainada, aprelden bäri 5350-den gowrak adamy öldüren konfliktde hökümet goşunlaryna garşy söweşýänleriň hataryna harby geňeşçileri we esger ibermekde aýyplaýar we NATO Orsýete Günbatar basyşlaryny güýçlendirmegi planlaşdyrýar.

«Biz Orsýeti separatistleri goldamagy bes etmäge, Minsk şertnamasyny hormatlamaga hem-de separatistleriň ýaraşygyň şertlerini saklamagy üçin olara bolan täsirini ulanmaga çagyrýarys» diýip, Stoltenberg 5-nji sentýabrda Belarusyň paýtagtynda gol çekilen ýaraşyk ylalaşygyny nazara alyp aýtdy.

Birleşen Ştatlar tarapyndan pitneçileriň «Orsýet goldawyndaky hüjümi atlandyrylan we birnäçe hepdä çeken gazaply söweşlerden soň, ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Kiýewe prezident Petro Poroşenko bilen gepleşmäge geldi.

Döwlet departamentiniň uly derejeli bir resmisi Kerriniň Birleşen Ştatlaryň Ukraina täze ýaraşyk gepleşiklerini geçirmek babatdaky goldawyny bildirjegini aýtdy.

Şeýle-de ol azyndan 16 million dollarlyk täze ynsanperwer kömegini yglan eder.

Bu duşuşyk Waşington Ukrainany onuň separatistlere garşy söweşinde ýaraglandyrmazlyk baradaky syýasatyna gaýtadan seretmäge ýakyn geldi diýen habarlaryň ýaýran wagtyna gabat geldi.

Waşington Ukraina diňe gije dürbileri we radio-aragatnaşyk enjamlary ýaly zatlary berip, ýarag kömegini bermeýärdi.

Prezident Barak Obamanyň Pentagona başlyk seçen kandidaty Aşton Karter 4-nji fewralda Senatyň Ýaragly gulluklar komitetinde çykyş edip, özüniň Kiýewe söweş ýaraglarynyň berilmegine ýykgyn edýändigini aýtdy.

ABŞ senatorlarynyň 15 sanysyndan ybarat iki partiýaly topar bolsa, 3-nji fewralda Obamany we we NATO-ny Ukraina, onuň öz serhetlerini Orsýetiň möwjeýän agressiýasyndan gorap bilmegi üçin, gyssagly harby ýardamy artdyrmaga çagyrdy.

Kerriniň Kiýewe sapary mahalynda Birleşen Ştatlaryň Ukraina ýarag bermek planlarynyň yglan edilmegine garaşylmaýar, emma Poroşenko Mýunhende geçiriljek howpsuzlyk konferensiýasynda öz ýarag üpjünçiligi meselesini orta atar.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.