Türkmen görnüşleri - 6-njy hepde
Mary şäherindäki "Gök metjit" diýlip tanalýan täze metjidiň üstünden ýyldan-ýyla suw akýar.
Marynyň "Ýarmarka" bazaryndaky arabaçynyň iş şertleri.
Aşgabadyň 11-nji kiçi etrapçasynyň çäginde poslan turbalar aşa sowuk howalarda ýarylýanlygy sebäpli, kranlary açyp goýýarlar.
Aşgabadyň 30-njy kiçi etrapçasynyň awtoparkynda mundan 4-ýyl ozalky ulanyşdan aýrylan trolleýbuslar şu güne çenli hem saklanýar.
Aşgabadyň Parahat-2 jaýlarynyň diwarlaryndan aýrylan antennalar.
Aşgabadyň etegindäki Çoganly şäherçesiniň köçelerniň biri.
Aşgabatda çanak antennalary "tiz wagtda" aýyrmak üçin berlen umumy bildiriş.
Mary şäheriniň maşyn bazaryndaky ABŞ belgili ulag.
Aşgabatda dollaryň manada görä ýene galjakdygy baradaky maglumatlar sebäpli dörän uly nobatlar häzir azaldy.
Aşgabatda çanak antennalary aýrylyp kabel telewideniýe çekilende jaýyň iç ýüzündäki diwarlara hem zeper ýetýär.