Britaniýa: Metjitleriň gapysy musulman däller üçinem açyk

Britaniýanyň Musulmanlar geňeşiniň metjitleri halk köpçüligine açmaklyk kararyndan soňra metjitlere baranlara çaý hödürlenipdir.

Britaniýada, 1-nji fewraldan başlap, onlarça metjitler musulman dälleriň öňünde-de öz gapylaryny açýar.

Bu karary Britaniýanyň Musulmanlar geňeşi kabul edipdir. Geňeşden berlen maglumata görä, Pariždäki terrorçylykly hüjümlerden soňra bütin Ýewropada, ylaýta-da Britaniýada käbir güýçleriň musulmançylyk bilen baglanyşykly, hamala, "radikal terrorçynyň obrazyny" döretmegine ýol bermezlik maksady bilen şeýle adim ädilýär.

Britaniýanyň Musulmanlar geňeşiniň baş kätibiniň kömekçisi Mikdaad Wersit şeýle diýýär: "Metjitlerde haýsam bolsa bir başga işler edilýändigi, adamlaryň aňynyň üýtgedilýändigi, radikallygyň ýaýradylýandygy we agitasiýanyň alnyp barylýandygy babatda bize gaty köp töhmetler ýöňkelýär. Şuňa meňzeş öňe sürülýän garaýyşlara aç-açanlyk getirmeklik üçin "Visit My Mosque" ýagny "Meniň Metjidime gelip gör!” kampaniýasyny gurnadyk".

Metjide gelenlere näme garaşýar?

Wersitiň aýtmagyna görä, myhmanlara metjide gelip, ol ýerde edilýän ybadatlary görmäge mümkinçilik dörediler. Olara edilýän dogalaryň we ybadatlaryň manysy düşündiriler. Ondan başga-da, musulmanlary "adam ýaly tanamak isleýänler" çaý we saçak başynda söhbetdeş bolup bilerler.

Britaniýanyň Musulmanlar geňeşiniň metjitleri halk köpçüligine açmaklyk kararyndan soňra metjitlere baranlara çaý hödürlenipdir.

Twitterde #Visit My Mosque baradaky habarlar

Ýöne Britaniýanyň Channel 4 habar kanalynyň alyp baryjysy Cathy Newman Londondaky metjitleriň birine girmäge synanyşan hem bolsa, ony metjide salmandyrlar. Ol twitter sosial ulgamynda şeýle ýazypdyr: "Men metjide girmeklik üçin kada görä geýnip, başyma başatgyç atynyp, talaba laýyk hereket etsem-de, meni metjjide goýbermediler".

Ýöne soňra Newman ýene bir Twitter habarynda başga bir metjide gidendigini we ol ýerde gaty gowy garşy alnandygyny aýdypdyr.

Britaniýanyň Musulmanlar geňeşiniň öňe sürmegine görä, ýurtdaky 2 müňe golaý metjidiň ýüzden altmyş bölegine halk köpçüligi baryp görer.