Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 3-nji fewralda iş sapary bilen Türkmenistana barýar. Onuň bu sapary Aşgabatda Türkmenistanyň Türkiýäniň we Azerbaýjanyň arasynda energiýa hyzmatdaşlygy meselesiniň daşary işler ministrleri derejesinde maslahat edilmeginiň yzysüre gurnaldy. Orsýetiň daşary işler ministrligi Lawrowyň Aşgabada häzirki saparynyň dowamynda aktual meseleleriň maslahat ediljekdigini habar berdi. Iki ýurduň arasyndaky şu günki iň aktual meseleler barada orsýetli syýasy bilermen, Orsýetiň Ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky Merkezi Aziya, Kawkaz we Balkan döwletleri boýunça ylmy merkeziň müdiri Artýom Ulunýan bilen söhbetdeş bolduk.
Azatlyk Radiosy: Artýom, Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň Türkmenistana saparyndan bämä garaşmak mümkin? Şu günki gün iki ýurduň arasynda iň aktual meseleler nämelerden ybarat?
Artem Ulunýan: Şu günki gün Orsýetiň Merkezi Aziýadaky esasy ugry, birinjiden, bu ýurtlarda özüniň daşary syýasy kursunyň goldanmagyny gazanmakdyr. Orsýet bu döwletleriň, ilkinji nobatda-da režimleriň, Kremle loýaldygyna kepil geçilmegini gazanmaga synanyşýar, bu Türkmenistana hem degişli. Şeýle-de tebigy resurslary we çig mal meselesiniň gozgaljagyna hem garaşmak mümkin. Edil häzirki pursat - beýlekilerden tapawutlanýar, Lawrowyň häzirki sapary Orsýetiň halkara derejesinde üzňeligine, Moskwa garşy halkara sanksiýalarynyň girizilmegine gabat geldi, şeýle-de Ýewropanyň we ýewroatlantik güýçleriniň dürli regionlarda aktiwleşen döwrüne gabat gelýär. Şeýlelikde Lawrow üçin Aşgabadyň goldawyna eýe bolmak möhüm, bu meselä onuň mundan oň Merkezi Aziýa regionyna, Özbegistana we Täjigistana eden saparlarynda hem ähmiýet berlipdi.
Azatlyk Radiosy: Lawrowyň agzalan ýurtlara saparlary ýurtlaryň bähbitleri nukdaýnazaryndan näderejde üstünlikli boldy?
Artýom Ulunýan: Özbegistanyň ýolbaşçylary Moskwanyň Karimowa goldaw bermegini isleýärler. Täjigistan barada aýdylanda, ýagdaý Orsýetiň Täjigistanda harbylarynyň bolmagy bilen çylşyrymlaşdyrylýar, prezident Rahmon bir tarapdan harbylaryň bolmagyny öz režimine goldaw hökmünde ulanmak isleýär, başga bir tarapdan bolsa munuň özüne garşy ulanylmagyndan gorkýar. Häzirki ýagdaýyň Orsýet üçin üstünlikli tarapy, Moskwa regionda ýagdaýyň öz gözegçiliginden başga tarapa üýtgemezligini isleýär. Bu häzirlikçe başa barýar, emma mundan beýlak näme boljagyny aýtmak kyn.
Azatlyk Radiosy: Lawrowyň Aşgabada saparynyň öňüsyrasynda Aşgabatda Türkmenistanyň Türkiýäniň we Azerbaýjanyň arasynda türkmen gazyny Türkiýä akdyrmak barada gepleşik geçirildi. Bu saparlaryň arasynda haýsy-da bolsa baglanyşyk barmy?
Artýom Ulunýan: Men Lawrowyň häzirki saparyny onuň öňüsyrasynda bolan gepleşikler bilen baglanyşdyrmazdym. Emma Kremliň postsowet giňişliginde energiýa serişdelerini öz monopoliýasynda saklamak we öz syýasy maksatlary üçin ulanmak ideýasyndan el çekmeýändigini bellemek zerur. Şonuň üçin energiýa bilen bagly islendik bileleşikler Kremliň howatyrlanmalaryny artdyrýar. Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň Ýewropa bilen gatnaşyklaryny ösdürmäge gyzyklanmalary bar. Türkiýe hem bu ýerde möhüm rol oýnaýar. Türkiýäniň Orsýeti öz içine almaýan ýene bir akyma gatnaşmagy, elbetde, Kremliň howatyrlanmalaryny artdyrýar.