Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän "Hýuman raýts wotç" guramasynyň 2015-nji ýyldaky hasabatynyň Türkmenistan bölüminde öňki ýyllardan gelýän ýagdaýyň, ýagny ýurtda adam hukuklarynyň töwerekleýin bozulmagynyň dowam edýändigi we 2014-nji ýylda bu meselede hakyky gowulanmalaryň bolmandygy aýdylýar.
Hasabatyň Türkmenistan bölümi «Şahsyýet kulty, plýuralizm ýok», «Raýat jemgyýeti», «Jaý we emläk hukugy», «Metbugat azatlygy we maglumat», «Hereket azatlygy», «Mejbury zähmet», «Din azatlygy», «Syýasy tussaglar, türmede ýitirim bolmak we adam gynamalary» ýaly böleklere bölünýär.
Prezident we onuň töweregi
Prezident, onuň garyndaşlary we olaryň ýaranlary jemgyýetçilik durmuşynyň ähli pudagyna çäksiz kontrolluk edýärler, hökümet raýatlaryň ýygnanyşmak, söz, pikir aýtmak, din azatlyklaryny ret edýär, ýurt garaşsyz derňewler üçin ýapyklygyna galýar diýip, hasabatda aýdylýar.
1990-njy ýyllaryň aýagynda we 2000-nji ýyllaryň başynda bolan köpçülikleýin tutda-baslyklar mahalynda türmä basylan adamlaryň garyndaşlary öz bendilikdäki hossarlarynyň ykbaly barada resmi maglumat alyp bilmeýärler, konstitusiýa boýunça teklip edilýän «reformalar» hakykatda esasy azatlyklaryň we hukuklaryň giňeldilmegini wada bermeýär diýip, HRW belleýär.
Adam hukuklaryny goraýan «Türkmen inisiatiwasy» guramasyna salgylanmak bilen, hasabatda prezident G.Berdimuhamedow tarapyndan we onuň özi hakynda ýazylan birnäçe kitabyň ýanwar aýynda, öňki prezident S.Nyýazowyň kitaplarynyň deregine, mekdep programmasyna girizilendigi aýdylýar.
Raýat jemgyýeti
Raýat jemgyýetleri barada aýdylanda, hökümetiň alyp barýan repressiw syýasatynyň hökümetden aýry garaşsyz jemgyýetçilik guramalarynyň işlemegini adatdan daşary ýagdaýda kynlaşdyrýandygy bellenilýär.
«Raýat jemgyýetiniň aktiwistleri we žurnalistler, şol sanda daşary ýurtlarda bosgunlykda ýaşaýanlar we olaryň garyndaşlary yzygiderli ýagdaýda hökümet öç almalary bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar» diýip, hasabatda aýdylýar.
G.Berdimuhamedow maý aýynda «Jemgyýetçilik birleşmeleri hakyndaky kanuna» gol çekdi, onda hökümetden aýry guramalaryň registrasiýasyny ýa-da işini diňe sud (Adalat ministrligi däl) togtadyp biler diýilýär.
Emma muňa garamazdan, Adalat ministrliginde täze hökümetden aýry guramanyň hasaba alynmagyndan ýüz öwrülmegi üçin uzyn sanaw bar, hasaba alynmadyk jemgyýetçilik guramalary bolsa bikanun hasaplanýar.
Döwlet tarapyndan maliýeleşdirilmeýän jemgyýetçilik guramalary has giň hökümet kontrollugyna sezewar edilýär.
Şeýle-de hasabatda 2014-nji ýylyň ýanwarynda ýaşaýyş jaýlary hakyndaky täze kanunyň güýje girendigi bellenilip, ol kanunda wada berlen hususylaşdyrmanyň haçan durmuşa geçiriljeginiň belli bolman galýandygy aýdylýar.
"Metbugat azatlygy düýpden ýok"
Mundanam başga hasabatda metbugat azatlygynyň düýpden bolmazlygynyň üýtgewsiz galandygy, hakykatda türkmen häkimiýetleriniň ýurtda çap edilýän we elektron görnüşde ýaýradylýan ähli metbugat serişdesine kontrolluk edýändigi aýdylýar.
«Internet elýeterliligi çäkli bolup, berk döwlet kontrollugynda galmagyny dowam etdirýär, sosial media we köp websaýt, şol sanda daşary ýurt habar guramalary hem ýurtda baglangy, hökümet elektron we telefon aragatnaşyklaryna gözegçilik edýär diýip bilinýär» diýip, hasabatyň dowamynda aýdylýar.
Hereket çäklendirmeleri
Hasabatyň hereket azatlygyna bagyşlanan böleginde Türkmenistanyň hökümetiniň raýatlaryň ýurt daşyna erkin syýahat etmeklerini çäklendirmegi dowam etdirýändigi bellenilip, raýat aktiwistlerine we bosgunlykdaky dissidentleriň garyndaşlaryna garşy girizilen näresmi we eden-etdilikli syýahat gadaganlygy agzalýar.
Bu gadaganlyga hukuk goraýjy Farid Tuhbatulliniň doganynyň, görnükli atşynas Geldi Kärizowyň daşary ýurda goýberilmezligi ýaly faktlar mysal getirilýär. Şeýle-de Azatlyk radiosynyň beren maglumatlaryna salgylanylyp, täze biometrik pasportuň güýje girmegi bilen döredilen çäklendirmeler, Türkiýä, Eýrana we Orsýete saglygyny bejertmäge gidýän raýatlara döredilýän päsgelçilikler mysal getirilýär.
Hasabatyň mejbury zähmet baradaky bölüminde hem, Azatlyk radiosynyň pagta ýygymyna çykarylan mekdep okuwçylary, mugallymlar barada beren maglumatlaryna salgylanmak bilen, oba hojalyk işlerinde çaga zähmetiniň ulanylmagyny gadagan edýän kanunçylygyň bozulýandygy bellenilýär.
Şeýle-de hasabatda din meselesindäki çäklendirmelere, syýasy tussaglar, türmede ýitirim boldy diýilýän raýatlar we adam gynamalary barada «Olary diri görkez» kampaniýasynyň ýaýradan maglumatlary esasyndaky faktlara üns çekilipdir.