Türkmen ýaşlary we "mekdep uruşlary"

Türkmen oglanlary.

16-njy ýanwarda paýtagt Aşgabadyň 60-njy we 55-nji mekdepleriniň oglan okuwcylarynyň arasynda uruş bolandygy habar berilýär. “Mekdep uruşlary” diýlip atlandyrylýan bu uruşa gürrüňi gidýän iki mekdebiň 6-11 synp okuwçylaryndan takmynan 30 sanysynyň gatnaşandygy aýdylýar. Bu urşuň polisiýanyň aralaşmagy netijesinde ýatyrylandygy habar berilýär.

Şol wakada birnäçe okuwçynyň ýeňil ýaralanandygy barada hem maglumat aldyk. Okuwçylaryň arasynda “mekdep uruşlary” diýilýän şeýle wakalaryň, umuman aýdylanda bir mekdep okuwçysy bilen beýleki bir mekdebiň okuwçysynyň arasynda dörän jedel bilen başlaýandygy we soňy bilen onuň ula ýazýandygy aýdylýar.

Eýsem, “mekdep uruşlary” diýlip atlandyrylýan şeýle uruşlaryň döremegine näme sebäp bolýar? Bu uruşlaryň maksady näme? Şeýle-de, şuňa meňzeş uruşlara siz hem şaýat bolduňyzmy?

Täze Tolkun ýaşlar gepleşigimiziň nobatdaky sanynda şu tema barada gürrüň ederis. Bu baradaky pikir-garaýyşlaryňyzy gepleşigimize gatnaşyp beýan etmek isleseňiz, biziň metbugat@gmail.com email adresimize hat ugradyň. Öz garaýyşlaryňyzy aşakdaky teswir bölüminde hem galdyryp bilersiňiz.