Owgan türkmenleri protest geçirdiler

Owganystanda geçirilen protestleriň birinde studentler ellerinde plakatlar bilen ýöriş geçirýärler.

20-nji ýanwarda, ýagny şu gün demirgazyk Owganystanyň Balh welaýatynyň Mazar-e-Şerif şäherinde owgan türkmenleriniň müňlerçesi ýygnanyp, täze Owgan hökümetinde türkmenlere ýeterlik derejede orun berilmändigine öz nägileliklerini bildirip, protest geçirdi. Oňa owganystanly türkmenleriň 12 sany medeni jemgyýetiniň wekillerem gatnaşdylar.

Bu çäräni gurnanlar hökümet owgan türkmenleriniň talabyny berjaý etmese, onda şeýle ýörişiň owgan paýtagty Kabulda hem geçiriljekdigini aýdýarlar.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myradynyň taýýarlan maglumatyny diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Owgan türkmenleri protest geçirdi