Hytaýyň polisiýasy iki uýgury atyp öldürdi. Hytaýyň resmileri olaryň serhetden bikanun Wetnama geçmäge synanyşandygyny öňe sürýärler.
Hytaýyň döwlet metbugat serişdesiniň berýän maglumatyna görä, gürrüňi gidýän iki uýgur 18-nji ýanwarda Guanksi welaýatynyň Pingksiang şäherçesindäki serhetde atylyp öldürilipdirler.
Resmiler wakanyň bolan pursady gaçmagy başaran üçünji şahsy gözleýärler.
Bu aralykda, Hytaýyň Jemgyýetçilik howpsuzlygy boýunça ministrliginiň ýaýradan maglumatyna görä, Hytaýyň günorta-günbatar serhedindäki adam gaçakçylygyna gözegçilik edýän güýçler bu mesele bilen baglanyşykly maý aýyndan bäri 262 wakany hasaba alypdyrlar.