Döwlet, raýat gatnaşygyndaky täze 'sahypa'

Türkmenistan, Demokratiýa we adam hukuklary unstitutynyň resmileri, 2010 ý.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň wezipesiniň döredilmegi döwlet emeldarlarynyň eden-etdiliklerine garşy durmak üçin zerur diýýär.

Türkmen metbugaty bu barada türkmen lideriniň parlament agzalary bilen duşuşygy mahalynda gürrüň edilendigini habar berýär.

Dogrudanam, şeýle wezipe döredilse, adalatlylygyň ýokarlanmagyna ýardam edermi? Ýagny bu, prezidentiň aýdyşy ýaly, döwlet bilen onuň raýatlarynyň gatnaşygynda täze sahypa açarmy?

Azatlyk Radiosy bu barada ýerli synçylar, raýat aktiwisti Nurberdi Nurmämmedow we publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Döwlet, raýat gatnaşygyndaky täze 'sahypa'