Türkiýe: “Aýylganç prowakasiýa” boldy

Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu Muhammet pygamberiň karikaturasynyň çap edilmegini “aýylganç prowakasiýa” diýip häsiýetlendirdi.

Dawutoglu 15-nji ýanwarda Ankarada žurnalistlere beren maglumatynda “Metbugat azatlygy kemsitmek azatlygyny aňlatmaýar. Biz pygamberiň kemsidilmegine rugsat berip bilmeris” diýdi.

Dawutoglunyň bu baradaky çykyşy, 7-nji ýanwarda yslamçy ýaragly adamlar Fransiýanyň “Charlie Hebdo” satiriki žurnalyna hüjüm edip, 12 adamy öldürmeginiň yzýanyna gabat geldi.

Bu aralykda Owganystandaky “Talyban” hereketi Muhammet pygamberiň karikaturasynyň çap edilmegini “gödek hereket” diýip atlandyryp, “Charlie Hebdo” satiriki žurnalyna edilen hüjüme gowy baha berdi.