"Häkimiýetler çaga hukugyny bozýar"

Mekdep okuwcylary täze ýyl baýramcylygy bilen bagly köpçülikleýin çärä gatnaşýarlar, Aşgabat

Şu hepdede BMG-de Türkmenistanda çagalaryň hukuklary bilen bagly ýagdaýa garalar. Guramanyň Çagalaryň hukuklary boýunça komitetiniň geçirýän maslahatynyň netijesinde Çagalaryň hukuklary boýunça halkara konwensiýanyň çäginde Türkmenistanyň öz üstüne alan halkara borçlaryny berjaý edişine baha berilmegine garaşylýar.

Maslahatyň öňüsyrasynda adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary beýannama ýaýradyp, Türkmenistanda çagalaryň hukuklarynyň depelenmegi bilen bagly problemalara ünsi çekdiler.

BMG-niň Çagalaryň hukuklary boýunça komitetinde Türkmenistanda çagalaryň hukuklary boýunça geçiriljek nobatdaky diňlenişigiň öňüsyrasynda Adam hukuklary boýunça “Türkmen Inisiatiwasy” guramasynyň we “Adam hukuklary boýunça halkara partnýorlygy guramasynyň” bilelikde ýaýradan maglumatynda habar berlişine görä, Türkmenistan boýunça 2006-njy ýylda geçirilen ilkinji diňlenişikden bäri türkmen häkimiýetleriniň çagalaryň hukuklaryny goramak ugrunda çynlakaý öňegidişlik gazanyp bilmändigi aýdylar.

Maglumatda ýurtda saklanyp galýan esasy bäş problema üns berilýär.

Maglumat we bilim almak hukugy

Adam hukuklaryny goraýjy guramalar Türkmenistanda çagalaryň maglumat gözlemek, almak we ýaýratmak hukugynyň çäklendirilmegine ünsi çekýärler.

Türkmenistanda 2013-nji ýylda güýje giren Media boýunça kanun resmi taýdan senzurany gadagan edýär, emma iş ýüzünde ähli milli habar serişdelerine döwlet tarapyndan gözegçilik edilýär we tankydy sesler sem edilýär. 2014-nji ýylyň aýagynda Internet barada kabul edilen kanun Internetiň elýeterligine kepil geçýän bolsa-da, häkimiýetler ýaşlaryň arasynda meşhur internet resurslary, sosial ulgamlary petikleýär diýip, maglumatda aýdylýar.

Türkmenistanda bilimiň hilini ýokarlandyrmak we onuň ideologiýa baglanyşygynyň soňuna çykmak boýunça yzygiderli reformanyň ýokdugy maglumatda aýdylýar we, hususan-da, mekdeplerde öňki prezidentiň ”Ruhnama” kitabynyň okadylmagy ýatyrylan hem bolsa, täze prezidente degişli kitaplaryň hökmany sapak hökmünde okadylýandygy bellenilýär. Şeýle-de çagalaryň syýasy režimi mahabatlandyrmak boýunça geçirilýän köpçülikleýin çärelere mejbury çekilýändigi aýdylýar.

Sosial şertler

Adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň beýannamasynda Türkmenistanda tebigy resurslaryň paýlanyşynyň deňagramly däldigi we ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaýandygy bellenilýär. Köp maşgalalar, aýratynam oba ýerlerinde garyplyk derejesinde ýaşaýarlar we dürli sosial-ykdysady kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar, daşky gurşawyň, agyz suwunyň hapalanmagy, keselçiligiň ýaýramagy, şeýle-de maglumatda döwlet gurluşyk proýekteri sebäpli jaýlary ýumrulan raýatlara köplenç degerli kompensiýanyň berilneýändigi agzalýar.

Çagalaryň saglygyny goramak meselesinde häkimiýetleriň “islenilmeýän” maglumatlary, hususan-da, ýokanç keseller boýunça statistikany ýaşyrýandygy aýdylýar. Häkimiýetleriň ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuşy propagandirlemek üçin “ahlak normalary” ýaly şübheli usullary ulanýandygy, emma has giň maglumat bermek we bilimi artdyrmak boýunça zerur informasion çäreleri äsgermeýändigi “Türkmen Inisiatiwasy” guramasynyň we “Adam hukuklary boýunça halkara hyzmatdaşlygy guramasynyň” bilelikde ýaýradan beýannamasynda habar berilýär.

Milli azlyklar meselesi

Guramalar Türkmenistnda milli azlyklaryň çagalarynyň hukuklarynyň depelenýandigine hem ünsi çekýärler.

Milli azlyklaryň dillerinde mekdepleriň ýapylmagy we çagalaryň öz dilinde bilim almak mümkinçiginden mahrum edilmegi, üstesine, käbir maşgalalaryň, Türkmenistanda uzak wagtlap ýaşamagyna garamazdan, öz statusyny kanunlaşdyrmakda kynçylyklara uçramagy, çagalaryň mekdeplere alynmagyna we ýurtdan çykmagyna päsgelçilik döredýär diýip, maglumatda bellenilýär.

BMG-niň Çagalaryň hukuklary boýunça komitetinde Türkmenistanyň hasabaty ilkinji gezek 2006-njy ýylyň 24-nji maýynda diňlenipdi. Türkmenistan Çagalaryň hukuklary boýunça halkara Konwensiýany 1994-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda tassyklady.