Fransiýa ýewreý mekdeplerini goraýar

Parižde yslamçy söweşijiler tarapyndan ýewreýleriň halal bazaryna edilen hüjümden soň, Fransiýa ýewreýleriň mekdebini goramak üçin 5 müňe golaý polisiýa işgärini we howpsuzlyk güýçlerini ýerleşdirmegi planlaşdyrýar.

Fransiýanyň içeri işler ministri Bernard Kaznew esgerleriň goşmaça goşun hökmünde hem ýerleşdiriljekdigini mälim etdi.

Ol bu barada 12-nji ýanwarda Pariždäki ýewreý mekdepleriniň birinde okuwçylaryň ene-atalaryna ýüzlenip eden çykyşynda belledi.

Pariži we dünýäni sarsan hüjümlerde pida bolan 17 adamyň dört sanysy 9-njy ýanwarda Amedi Koulibali atly ýaragly adam ýewreýleriň halal bazarynda dört adamy zamun alan mahaly wepat boldy.