Baku: Özüni otlanyň şahsyýeti anyklandy

Azerbaýjanyň polisiýasy öz-özüni otlandan soň, 8-nji ýanwarda heläk bolan raýatyň şahsyýetini mälim etdi. Onuň Bakuwdaky ýykylýan ýaşaýyş jaýlary bilen ilteşiginiň bardygy bellenilýär.

Bakuwyň Ýasamal etrap polisiýa departamentiniň maglumatynda öz-özüni otlan raýatyň 21 ýaşly Kamran Agaýewdigi mälim edildi.

Polisiýa raýatyň öz janyna kast etmäge öjükdirmekde güman edilip, derňewleriň başladylandygyny habar berdi.

Agaýew resmileriň täze proýektler üçin ýer giňişligini döretmek maksady bilen köne jaýlary ýykýan sebitinde özüni otlady.

Bu sebitiň ýaşaýjylary öz ýykylan emläkleri üçin has köp kompensasiýa berilmegini sorap, ençeme aýdan bäri protest geçirýärler.